Owgan-türkmen serhedinden gaçyp çykan türkmen maşgalalary kömege garaşýarlar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Farýap welaýatynyň iki türkmen obasynyň ýaşaýjylary ýaragly toparlaryň basyşy astynda öz öýlerini terk edip, 12-nji maýda Jowzjan welaýatyna gaçyp çykdy. Ýüzlerçe maşgala Guraýş obasynyň daşynda kömege mätäç ýagdaýda galýar. Onlarça çagaly zenan Şybyrgan şäherine aşmagy başardy.