Migrantlar Stambulyň migrasiýa edarasynyň öňünde protest geçirdi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Stambuldaky protestler

14-nji maýda günortanyň öňýanynda, aglabasy türkmenistanly we özbegistanly migrantlar bilen hukuk geňeşdarlygy firmalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Stambulyň migrasiýa edarasynyň öňünde protest geçirildi.

Читайте также на русском

Proteste gatnaşýanlar soňky wagtlarda Stambulyň migrasiýa edarasynyň ýaşaýyş rugsadyny almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak isleýänlere oňaýsyz jogap berip, migrasiýa işgärleriniň hem diýseň gödek çemeleşýändigini öňe sürüp, ýerli metbugatyň öňünde öz nägileligini bildirdiler.

“Turkpermit” atly hukuk geňeşdarlygy firmasynyň ýolbaşçysy Murat Erşahin proteste gatnaşyp duran ýerinden Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, Stambulyň migrasiýa edarasynyň kabul edýän "kanuny tutaryksyz negatiw kararlaryndan“ iň köp türkmenistanly migrantlaryň we olardan soň hem ikinji derejede özbegistanly migrantlaryň uly zyýan çekýändigini aýan edip, bu ýagdaýa nägilelik bildirmek we bu ugurdaky arz-şikaýatlara ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň hem ünsüni çekmek maksady bilen aglabasy türkmenistanly bolan migrant müşderileri bilen bilelikde proteste gatnaşyp durandygyny gürrüň berdi.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap Azatlyk Radiosyna maglumat beren proteste gatnaşýan türkmenistanly migrantlardan bir zenan hem, özüniň ýaşaýyş rugsadynyň möhletini uzaltmak barada beren arzasyny Stambulyň migrasiýa edarasynyň kabul etmändigi sebäpli, özüniň we 4-nji klasda okaýan oglunyň kyn ýagdaýa düşendigini aýtdy.

Stambulyň migrasiýa edarasynyň öňündäki proteste gatnaşýan, anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna interwýu beren iki çagaly türkmenistanly jübüt bolsa, ähli dokumentleriniň düzüwdigine garamazdan Stambulyň migrasiýa gullugynyň zähmet rugsadyny ret edip, maşgala agzalarynyň ýaşaýyş rugsatlaryny hem ýatyrandygyny gürrüň berdi.

"Stambulyň migrasiýa edarasyndan jaň etdiler. Soň ol ýere bardyk welin, meniň zähmet rugsadymyň goýbolsun edilendigini we ähli maşgala agzalarymyň meniň üstümden alan ýaşaýyş rugsadynyň hem şol sebäpden ýatyrylandygyny aýtdylar. Migrasiýa gullugynyň resmileri biziň bir aýyň içinde öz ýurdumyza dolanmalydygymyza üns çekdiler. Onsoň meniň işleýän ýerimiň aklawçysy Stambulyň migrasiýa edarasynyň kararynyň goýbolsun edilmegi üçin biziň adymyzdan kazyýete arza berdi we häzir sud işi dowam edýär. Biziň ýaly kösenýän gaty köp türkmenistanly migrant maşgala bar Stambulda. Gaýrat edip bize kömek etsin ýokardaky ýolbaşçylar. Türkmenistana dolanmak islemeýäris, sebäbi o taýda güzeran aýlar ýaly ýagdaý ýok. Ynha, şu gün bu ýere proteste goldaw bermäge geldik maşgala bolup“ diýip, iki çagaly türkmenistanly migrant jübüt Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Ýatlap geçsek, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan Türkiýedäki türkmen migrantlary diňe bir ýaşaýyş ýa-da zähmet rugsadyny almak, şol bir wagtyň özünde-de, onuň möhletini uzaltmak isleýänlere däl, beýleki tarapdan BMG-niň goragy astynda bolan türkmenistanly raýatlara hem Stambulyň migrasiýa edarasynyň ret jogabyny berýändigini aýdýarlar.

Bu ugurda Azatlyk Radiosyna maglumat beren we özüni Kerim diýip tanadan bir türkmenistanly migrantyň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaý diňe Stambulda däl, eýsem Türkiýäniň beýleki ýerlerinde hem bar.

Meselem, Gaziantep welaýatynyň migrasiýa gullugy ony ýanwar aýynda BMG-niň goragyndan çykaryp, ýaşaýyş rugsadyny hem ýatyryp, deportasiýa etmek üçin göz astyna alypdyr. Kerim, BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän aklawçylarynyň deportasiýa kararyny kazyýet arkaly goýbolsun etdirendigine we 18-nji maýda BMG-niň Ankaradaky bosgunlar komitetine çagyrylandygyna garamazdan, Gaziantep migrasiýa edarasynyň ony henizem goýbermän, göz astynda saklaýandygyny Azatlyk Radiosyna aýdan maglumatynda öňe sürdi.

Sözi jemlesek, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda Azatlyk Radiosynyň ähli synanşygyna garamazdan, Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak häzirlikçe başartmaýar.