Howpsuzlyk gulluklary Daşoguz welaýatynda dine uýup, onuň düzgünlerini berjaý edýän adamlary basyş astynda saklaýarlar, diýip Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär.
“Yslam dinine ynanyp, amal edýän adamlary Howpsuzlyk gulluklary çagyryp, soraga çekýärler. Dini mazmundaky kitaplaryň ähli görnüşini dindarlaryň elinden mejbury basyş edip alýarlar” diýip, çeşme habar berdi.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler dini mazmunly kitaplaryň döwletiň syýasatyna gabat gelmeýändigini, olaryň radikal yslamy ündeýändigini aýdyp, dürli bahanalar bilen dindarlara haýbat atýarlar.
“Ýene-de şeýle kitaplar öýüňden çykaýsa, sud etmezden türmä basarys. Onsoň ol ýerden öliňiz çykar” diýip, häkimiýetleriň ilatyň üstüne haýbat atýandygyny çeşme ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Görogly etrabynda Azatlygyň çeşmesi bilen gürrüňdeş bolan 80 ýaşly Durdymyrat aga häkimiýetleriň dindarlar bilen bagly alyp barýan işleri barada şeýle diýipdir:
“Hatda SSSR döwründe-de beýle zulum bolmandy. Gaýtam, dine uýýanlary organ işgärleriniň özleri gizläp, olara kömek ederdi”
Welaýatyň bazarlarynda dini mazmunly kitaplaryň satuwynyň gadagan edilendigini sözüniň üstüne goşan çeşme, 60 ýaşyny doldurmadyk etrap we oba ymamlaryna sakgal-murt goýbermegiň häkimiýetler tarapyndan gadagan edilendigini habar berdi.
Şeýle-de, arap harplaryny okap bilýän adamlaryň Türkiýe döwletinde bolup-bolmandygy barada soraga çekilýändigini, olaryň meshepleriniň soralýandygyny gürrüňdeşimiz şeýle tejribeleri başdan geçiren adamlaryň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Häkimiýetleriň diniň düzgünlerini berjaý edýän adamlaryň “jyhat” düşünjesine garaýyşlaryny öwrenýändigini çeşme belläp geçdi.
Azatlygyň dine uýýan ýaşlaryň hal-ahwaly barada beren soragyna söhbetdeşimiz, olaryň yzarlanýandygyny, ýörite gulluklaryň wekilleriniň metjitlere baryp maglumat ýygnaýandygyny, olaryň ybadathanalarda oturdylan kameralardaky wideo ýazgylary barlaýandygyny habar berdi.
“Metjide baranyňdan barmadygym gowy diýdirýärler” diýip, çeşme ýerli ýaşaýjylaryň wyždan azatlygy babatda duçar bolýan ýagdaýlaryny suratlandyrdy.
Maglumat üçin aýdylsa, hökümetleri we halkara guramalary strategiki howpsuzlyk maglumatlar bilen üpjün edýän “The Soufan Group” topary geçirilen barlaglara we analizlere esaslanyp, golaýda ýaýradan maglumat brifinginde Merkezi Aziýalylaryň arasynda yslamçy ekstremizmiň rowaçlanýandygyny öňe sürdi.
“Merkezi Aziýaly ekstremistler öz ýurtlaryndan alyslarda global terrorçylyga barha dahylly bolýarlar” diýip, “The Soufan Group” 18-nji aprelde ýazdy.
Toparyň ýaýradan maglumatyna görä, Merkezi Aziýaly ekstremistlere öz ýurtlaryndaky hökümetleriň awtoritar häsiýeti täsir edýär.
“Merkezi Aziýaly hökümetler yslam terrorçylygy bilen bagly wehimleri öz syýasy monopoliýalaryny saklap galmak üçin, şeýle-de garşydaşlaryny we tankytçylaryny basyp ýatyrmak üçin ulanýarlar” diýip, toparyň ýaýradan maglumatynda aýdylýar.
Ýatladyp geçsek, mundan ozal fewral aýynda-da Türkmenistanda sakgal goýberip, namaz okaýan adamlaryň soraga çekilýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi Türkmenistanda dine uýýan adamlar babatda şübheli garaýyşlaryň soňky bir ýylyň dowamynda has-da güýjändigini aýdýar we bu çäreleri türkmen häkimiýetleriniň “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň ideologiýalaryny goldaýanlara we wahabistlere bolan gorkusy bilen düşündirýärler.
Halkara hukuk goraýjy guramalar öz ýaýradýan hasabatlarynda Türkmenistanda din we wyždan azatlygynyň ýagdaýy boýunça aladalaryny beýan edýärler.