Türkmenistanyň demirgazygynda özbek serhedine golaý jaýlar ýykylýar

Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynyň Özbegistan bilen araçäkleşýän käbir etraplarynda serhet boýlaryna golaý gurlan jaýlar üstümizdäki tomus ýumrular.

Daşoguzda 2011-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda serhede sim çekilende ýykylmadyk, ýöne serhede golaý ýaşaýyş jaýlary ýykylýar. Bu barada Azatlygyň çeşmesi sebitiň ýaşaýjylaryna salgylanyp habar berýär.

Читайте также на русском

“Daşoguz welaýatynyň Gubadag we Görogly etraplarynyň serhet ýakasynda ýerleşýän obalarynda arçynlyklar ýerli ýaşaýjylara [olaryň öýleriniň ýykyljakdygy barada] duýduryş hatlaryny iberdi” diýip, çeşme sebitden habar berdi.

Araçägiň ýakasyndaky ýaşaýjylaryň öýleriniň ýumrulmagynyň sebäpleriniň serhetde 3-nji hatar simiň çekilmegi we ol ýerde howpsuzlyk maksatly gaçybatalgalaryň gazylmagy bilen düşündirilýändigini çeşme sözüniň üstüne goşdy.

Regionda bolup geçýän hadysalardan habarly söhbetdeşimiz, mundan ozal, has takygy 2003-nji ýylda agzalýan serhediň boýunda 1-nji goranyş germewiniň örülmegi bilen, şeýle-de 2011-nji ýylda 2-nji serhet siminiň çekilmegi bilen müňlerçe hojalygyň aňzakly gyşda öňünden habar berilmezden öýleriniň ýykylandygyny gürrüň berdi.

Çeşme şol ýykha-ýyklyklarda müňlerçe gektar suwarymly ýerleriň serhediň hasabyna geçip, häzirki wagtda ol ýerleriň döwletiň ykdysadyýetine hiç hili goşant goşup bilmeýändigini agzap geçdi.

Ýatladyp geçsek, golaýda türkmen prezidenti resmi sapar bilen Özbegistana baryp, saparyň ikinji gününde Özbegistanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Horezm oblastynda boldy.

Türkmenistanyň demirgazyk regionynda serhet ýakasynda ýerleşýän hojalyklaryň jaýlarynyň ýykyljakdygy baradaky habar türkmen prezidentiniň goňşy Özbegistana eden saparynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň 23-nji aprelde habar bermegine görä, Berdimuhamedowyň Özbegistana eden iki günlük resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda transport we üstaşyr ulgamlarda, oba hojalygy pudagynda, ylym we tehnikany ösdürmekde, kärdeşler arkalaşyklary boýunça, şeýle-de region ara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde we şuňa meňzeş beýleki ugurlarda 17 resminama gol çekildi.

Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça 15 sany resminama gol çekilendigi habar berildi. Ýokary derejeli duşuşyklarda jemi 33 resminama gol goýuldy.

Jemgyýetçilige aýan edilen resmi maglumatlardan çen tutulsa, iki ýurduň prezidentleriniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň gün tertibine serhet bilen bagly ýagdaýlar girizilmedi.

Ýöne duşuşyklaryň netijeleri boýunça eden çykyşynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň arasynda terrorçylyga, neşe söwdasyna we serhetaşyr jenaýatlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyga gelinendigini mälim etdi.

“Kanun goraýjy edaralaryň arasynda terrorçylyga, neşe söwdasyna we serhetaşyr jenaýatlara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdyk. Geljekde biziň degişli gulluklarymyz duşuşyp, bu çynlakaý meseleleriň çözgüdini tapar” diýip, Mirziýoýewiň sözleri metbugat serişdelerinde sitirlendi.

Şeýle-de, Mirziýoýew gepleşikleriň dowamynda taraplaryň regional howpsuzlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny mälim edipdi.

Demirgazyk Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhediniň türkmen tarapynda hususy jaýlaryň ýykylyp, olaryň deregine serhet germewleriniň 3-nji hatarynyň örülmegi, ýa-da howpsuzlyk gaçybatalgalarynyň gazylmagy barada öňe sürülýän habarlaryň iki ýurduň arasynda golaýda ylalaşylan serhetaşyr jenaýatlara garşy göreşmek çäreleriniň çäginde amala aşyrylyp-aşyrylmaýandygy nämälimliginde galýar.