Türkmenistanyň prezidenti Balkana sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Balkan welaýatyna sapar edýär.

Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň 30-njy aprelde Balkan welaýatyna sapara başlamagy barada çap eden maglumatynda, onuň Türkmenbaşynyň halkara aeroportunda ýurt resmileri trapyndan garşy alnandygyny, duz-çö­rekli çykan ýaşulularyň ýurduň “gül­läp ös­me­gi­” we hal­ky­ň aba­dan­çy­ly­gy­ üçin alkyş edendigini, çagalaryň goşgy-aýdym aýdyp berendigini, döredijilik toparlarynyň sazly kompozisiýany ýerine ýetirendigini habar berdi, emma döwlet baştutanynyň welaýata saparynyň resmi gün tertibini mälim etmedi.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanyň prezidenti ýurduň ösüşiniň aktual meselelerine Halk maslahatynda serediljekdigini we onuň ýurduň garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljekdigini mälim edipdir.

30-njy aprelde Balkana baran prezident Berdimuhamedow Hazar deňziniň ýakasyndaky öz rezidensiýasyna ugrapdyr.