Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji aprelde Bedew baýramynyň adyny “Türkmen bedewiniň milli baýramy” diýen at bilen çalşyrmak hakyndaky karara gol çekdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, bu karar “Türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen” bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň Bedew baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär we ahal-teke atlary hakyndaky ylmy maslahatlar, sergiler, gözellik bäsleşikleri we at çapyşyklary bilen utgaşdyrylýar.