Türkiýä iş wadasy bilen getirilip aldawa salynýan türkmenleriň tejribeleri

Türkiýe, köçede dynç alýan migrantlar. 11-nji aprel, 2018 ý.

Türk mediasynda ildeşleri tarapyndan dürli iş wadalary bilen Türkiýä getirilip, soň aldawa salynýan, hatda adam hem ten söwdasyna mejbur edilýändigi aýdylýan türkmenistanly migrantlar barasynda çykýan habarlaryň yzy kesilmeýär.

Şeýle ýagdaýlara duçar bolan käbir türkmen zähmet migrantlary türk telekanallaryndaky gepleşiklere gatnaşyp, öz başdan geçirýänlerini gürrüň berýärler.

Ildeşleri tarapyndan iş wadasy bilen Türkiýä getirilip, soň aldawa salnandygyny tassyklaýan käbir türkmenistanly zähmet migrantlary öz tejribeleriniň halk köpçüligine ýetirilmegi üçin Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna hem ýüz tutýar.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan türkmen zähmet migrantlarynyň we olaryň Türkmenistandaky hossarlarynyň isleglerini nazarda tutup, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sany ildeşleri tarapyndan iş wadasy bilen Türkiýä äkidilip, soňra aldawa salynýanlaryň ykballaryna gönükdirilýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky tejribeleriňizi ýa-da pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýä iş wadasy bilen getirilip aldawa salynýan türkmenleriň tejribeleri