Gurluşyk materiallarynyň bahalary ýokarlanýar

Gurluşykçylar.

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň yzygiderli ýokarlanmagnyň netijesinde, harytlar bilen bir hatarda,gurluşyk materiallarynyň hem aşa ýokarlanýandygyny görse bolýar.

Oba ýaşaýjylary ozal mellek ýerlerini alyp bilmän kösenen bolsalar, indi ilatyň berlen mellek ýerlerinde jaý gurunmaga güýji ýetmeýändigini Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, kärendeçi Öwez aýdýar.

Öweziň aýtmagna görä, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde hem gurluşyk harytlary iki-üç esse ýokarlanypdyr.

“Men öz mellek ýerimde jaý gurluşygna başladym. Emma jaýyň boýuny ýetirip togtatmaly boldum. Galan işleri ýagdaýyma görä, täze ýyl dowam etdireýin diýsem, ol ýagdaýyň haçan boljakdygny göz öňüne getirip bilemok. Bahalaryň ýokarlanmagyndan ýaňa harytlaryň golaýyna barar ýaly däl. Kärende ýerimizden ujypsyz girdeji alýarys. Mal-gara bilen güzeranymyzy dolandyryp, her ýylda bir-iki sany öküz bakyp, şondan gelen girdejä jaý gurunmagy planlaşdyrypdyk. Emma bu ýyl iým ýetmezçiligi sebäpli, mal hem saklap bolmady, geçen ýylky bugdaý hasylyndan hem boş çykdyk diýen ýaly” diýip, ol aýdýar.

Gurluşyk harytlary satylýan dükanlarda geçen ýylky 190 manat bolan plastik penjireleriň bahasy häzir 600 manat. Plastik gapylaryň bahasy ozal 500 manat bolsa, häzir 800 manat. Bir litrlik gaplanan reňkler ozal 8 manatdy, şu gün olary 18 manat bahalaýarlar. Bahasy 35 manat bolan emulsiýa indi 75 manada durýar.



“Gurluşykda iň möhüm material bolan bişen kerpijiň bir maşyny geçen ýyl 400 manatdy, häzir onuň bir maşyny 800 manat bahalanýar. Dört müň sany kerpiç diýip, bir maşyna sygýan kerpijiň her reýsine 800 manat pul geçirýärsiň. Emma gapyňa dökülen kerpiji sanap görseň 350-400 kerpijiň kem çykýar. Ony hem subut etjek bolup, baryp kerpiç zawodynyň ussalary bilen dikleşseň, onda aljak kerpijiňi hem geregiçe alyp bilmeýärsiň” diýip, Öwez sözüne goşýar.


Önüm öndürýän kärhanalarda ogurlygyň, parahorlugyň dowam ediýändgini, mundan bolsa ilatyň aşa közençlik çekýändigni aýdýarlar. Etraplarda obalaryň deňinden geçeniňde, jaýlaryň ýarsyna çenli örülen, kä ýerlerde boýy ýeten jaýlaryň daşyny çöp-çalam örtüp, garalyşyp durandygyny görse bolýar. Ilatyň işsizlikden girdejisiz gatlagnyň artmagy bilen jaý gurunmak däl, iýjegimizi tapsak razy diýýänlere näçe diýseň duş gelse bolýar.

Şäher ýerlerinde hem öz öýlerinde abatlaýyş işlerini geçirmäge gurby çatmaýan hojalyklaryň köpelendigini aýdýarlar. “Gurluşyk materiallarynyň golaýna barar ýaly bolmady. Puluň hümmetiniň gaçmagy bilen jaýyňy bejertmek üçin, ussalaryň soraýan haklary hem ummadan çykyp barýar.
Aýlyklarymyz bolsa bary-ýogy on göterim galdyrylýar. Ol galdyrylýan on göterim azyk harytlarynyň galýan bahalarynyň aratapawudyny hem ýapyp bilmeýär. Şol sebäpli öýlerimiz warak-weýran bolsa-da, abatlaýyş işlerini geçirip bilmän oňňut edip otyrys” diýip, Aşgabadyň Parahat-7 kiçi etrapçasynyň öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir ýaşaýjysy aýdýar.

Onuň sözüne görä, 5 ýyl mundan ozal ilatyň hususy jaýlary ýumrulyp, mejbury göçürlip getirlen bu 9 gatly jaýlaryň harsal gurlanlygy sebäpli, öýleriň ählisi hem abatlaýyş işlerine mätäç. Emma gurluşyk materiallarynyň aşa ýokarlanmagy sebäpli, öýlerde abatlaýyş işlerini geçirip bilmeýändiklerini ýaşaýjylardan eşitse bolýar.