Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri Daşkentde gurlan “Aşgabat” atly seýil bagyň açylyş dabarasyna bilelikde gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana eden döwlet saparynyň dowamynda 23-nji aprelde geçirilen açylyş dabarasynda iki ýurduň prezidentleriniň simwoliki lentany kesip “Aşgabat” parkyny açandygyny döwlet mediasy habar berdi.
Daşkentiň merkezinde 10 gektar meýdanda geçen ýylyň güýzünde gurlan park 2017-nji ýyldan bäri türkmen klasigi Magtymgulynyň adyny göterýän köçäniň golaýynda ýerleşýär.
Seýilgäh türkmen paýtagtynyň keşbini ýada salýan elementleriň ulanylmagynda gurulypdyr.
6-njy aprelde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň "Aşgabat" seýilgähine gezelenç edendigi habar berlipdi.
Aşgabadyň we Daşkentiň doganlyk şäherlerdigi habar berilýär. Bu barada 2017-nji ýylyň 20-nji maýynda Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana saparynyň dowamynda iki goňşy ýurduň paýtagtlarynyň häkimlikleriniň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygy habar berilýär.