ABŞ-nyň Demokratik partiýasy Orsýetiň hökümetine, prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasyna we “WikiLeaks” guramasyna garşy, olary 2016-njy ýyldaky ABŞ prezident saýlawlary kampaniýasyny bozmak we saýlawy Trampa ugrukdyrmak üçin dil düwüşmekde aýyplap, suda şikaýat arzasyny berdi.
20-nji aprelde Manhattandaky etrap suduna berlen sud şikaýatynda Trampyň saýlaw kampaniýasynyň ýokary derejeli resmileriniň Orsýetiň hökümeti we olaryň harby aňtaw gullugy bilen demokratlaryň prezidentlige kandidaty Hillari Klintona zyýan ýetirmek hem-de Trampa kömek etmek üçin Demokratik partiýanyň kompýuterlerine hakerlik etmekde dil düwüşendikleri öňe sürülýär.
Trampyň 2020-nji ýylda gaýtadan saýlanmagy baradaky kampaniýa bu sud şikaýatyny boş diýip atlandyrdy we onuň demokratlar üçin pul ýygnamak tagallasynyň bir bölegidigini öňe sürdi.
Ak tam bu sud şikaýaty barada bada-bat hiç bir zat aýtmady.