Owganystanyň 30 ýyllap arzuw eden gazgeçirijisi senagaty ösdürip biler

Hyrat, 23-nji fewralda TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Arhiw suraty.

Owganystan bahasy 8 milliard dollara barabar bolan tebigy gaz geçiriji ulgamy boýunça meýilnamalara çynlakaý çemeleşýär.

Bu taslamanyň binýadynda durmuşa geçiriljek dökün zawody, elektrik toguny öndürýän ulgamlaryň gurluşygy ýaly iri taslamalar ýurtda ykdysady ösüşleri gazanmaga gönükdirilendir. Ýöne ilki Owganystanyň bu taslamalaryň gurluşygyna başlamagy zerur bolup durýar.

Türkmenistany, Owganystany, Pakistany we Hindistany öz içine alýan TOPH gaz geçiriji taslamasy barada meýilnamalar mundan 30 ýyl ozal teklip edilipdi. Owganystanda höküm sürýän howpsuzlyk aladalary bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde bökdençlik döredip geldi.

Ahyrsoňy Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Hyrat welaýatynda gözleg işlerine badalga berildi. Güýzüň aýagynda taslamanyň gurluşygyna başlamak göz öňünde tutulýar.

Muňa garamazdan, taslamanyň durmuşa geçirilmegine degişli päsgelçilikler az däl. Meselem, taslamanyň çäginde Owganystanyň öz üstüne alan 5 %-lik harajat borçnamasyna donor tapmaly, ýa-da bolmasa proýektiň gurluşygyna hususy maýadarlary çekmeli.

“Olar pikir ýöredýärler, ‘30 ýyllap amala aşyrylmadyk proýekt nädip sanlyja ýylyň içinde durmuşa geçirilmeli?’. “Bu taslamany durmuşa geçirip bilmeris” diýen ikirjiňlenmeler henizem dowam edýär” diýip, Owganystanyň Mineral serişdeleri we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nargis Nehan söhbetdeşlikde aýtdy.

“Talyban” jeňçiler topary TOPH taslamasyny goldaýandygyny aýdyp çykyş etdi, ýöne şonda-da howpsuzlyk aladalary dowam edýär.

Dünýäniň iň uly ikinji gaz ýatagy bolan "Galkynyş" käninden Pakistanyň demirgazyk Hindistan bilen araçäkleşýän Fazilka şäherine çenli uzynlygy 1840 kilometr boljak TOPH taslamasy arkaly ýylda 33 milliard kub metr gazyň akdyrylmagyna garaşylýar.

Owganystanyň paýyna ýylda 5 milliard kub metrlik gaz düşýär. Bu mukdar ýurduň ýangyç hajatyny giderer. Owganystanyň energiýa pudagy daşary ýurtlardan import edilýän elektrik toguna mätäç bolup, munuň ýetmezçiligi elektrik togunyň yzygiderli kesilmegine ýol açýar.

Owganystanyň TOPH-a goşmaly maliýe goldawyny üpjün edýän Aziýanyň ösüş banky bilen Bütindünýä banky Kabul üçin tebigy gazdan elektrik toguny öndürmek we muny dökün zawodlarynda ulanmak barada göz öňünde tutulýan meýilnamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär, diýip Aziýanyň ösüş bankynyň Owganystan boýunça direktory Samuel Tumiwa aýtdy.

Owganystanyň iň uly üçünji şäheri bolan Hyratdan hojalyklary tebigy gaz bilen gönüden-göni üpjün edip, ony öýleriň ýyladyş ulgamlarynda, şeýle-de şireli suwlary öndürýän kärhanalary üpjün etjek elektrik toguny öndürmekde ulanyp bolar, diýip ol aýtdy.

Bu ýagdaý Hyrady senagat şäherine öwürmäge mümkinçilik döreder, diýip Tumiwa aýtdy.

“Gyssagly netije”

Owganystanyň hökümet eýeçiligindäki elektrik tok ulgamlary bolan Da Owganystan Breşna Şerkat (DABS) üçin energiýa öndürmek zerur bolup durýar. Bu şereket TOPH geçirijisinden geljek gazy toga öwürmekde zerur bolan desgany nireden gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär, diýip kärhananyň ýerine ýetiriji başlygy Aman Galyp aýtdy.

Owganystan entek TOPH gazgeçirijisi doly tamamlanyp Pakistana we Hindistana gaz akdyrylyp başlamanka öz ýurdunyň çäginde guruljak geçirijileriň işe girizilmegi bilen türkmen gazyny has ir satyn alyp biler diýip, Galyp aýtdy.

TOPH-yň 2020-nji ýyla çenli işe girizilmegine garaşylýar. Ýöne Aziýanyň ösüş bankynyň Owganystan boýunça direktory Tumiwa munuň has gijiriäk işe girizilmeginiň hakykata has ýakyndygyny aýtdy.

Owganystan öz üstünden gaz geçirmek arkaly her ýylda goşmaça 400 million dollar girdeji gazanmagy-da göz öňünde tutýar.

Kabul hususy maýadarlary, şol sanda, belki-de daşary ýurtly himiki dökünler boýunça iş alyp barýan kompaniýalary-da ýurda çekmäge umyt bildirýär diýip, Nehan aýtdy.

Owganystanyň beýleki taslamalaryndan tapawutlylykda, TOPH dessine işe girizilen badyna girdeji getirip başlar, diýip ol aýtdy.

“Bu taslamanyň dessine netijesi bolar. Inwestisiýa nukdaýnazaryndan çemeleşilende, meniň pikirimçe biz şeýle taslamalara has köp üns bermeli” diýip, Nehan sözüniň üstüni ýetirdi.