S.Nyýazow adyndaky hassahanada näsaglaram, saçakçylaram, syçanlaram bar

Aşgabadyň Böwrek kesselleri hassahanasy

Aşgabadyň S.Nyýazow adyndaky hassahanasynyň böwrek keselleri bölüminde, näsaglaryň bolýan otaglarynyň juda hapadygyny, ol ýerde saçakçylaryň, garynjadyr syçanlaryň häli-şindi abat bolmadyk pollaryň deşiklerinden girip-çykýandyklaryny görmek bolýar.

Читайте также на русском

Hajathanalar ylalaşyp bolmajak ýagdaýda hapa, dezinfeksiýa işleri geçirilmeýär. Pollar reňklenmeýär. Pollaryň alabeder ýagdaýyny görseň, onuň hassahanadygyna hem ynanasyň gelmeýär. Emma ýurtda medisina hyzmatlarynyň iň arzan hasaplanýan ýeri bolan bu hassahananyň näsaglarynyň ýetikdigini görse bolýar.

Ýagdaýyň diňe böwrek keselleri bölüminde däl, tutuş hassahana boýunça şeýledigini bu hassahananyň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýanlar aýdýarlar.

Aşgabatda ýokary hyzmatlary berýän döwrebap hassahanalaryň gurulýandygy barada mahabatly habarlar berilse-de, indi ençeme ýyllar bäri S.Nyýazow adyndaky hassahanada hatda adaty abatlaýyş işleriniň hem göwnejaý geçirilmeýändigine ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

Näsaglar hassahanada ýatyp bejergi almaly bolaýan halatlarynda, olar öz öý egin-eşiklerinde, her kim howa ýagdaýyna görä geýinmeli bolýarlar. Howanyň sowuk günleri hassalar üçin geregiçe ýyladylmaýan otaglary ýylatmak ýa yssy günleri salkynlatmak üçin, näsaglar öýlerinden elektrik enjamlaryny alyp gelmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Iň bir hopukdyryjy ýagdaý bolsa, geregiçe para berip bilmedik näsaglaryň haly bilen gyzyklanýan lukman ýok. Näsaglaryň taryhy ýazylýan depdere näsaglar barada doly maglumat ýazylmaýan halatlary hem bolýar” diýip, özüniň aýal keseli ugrundan operasiýa bolandygyny aýdan aýal kesel taryhy baradaky depderçesine hiç bir belligiň edilmändigini aýdýar.

Efirde adynyň tutulmazlygyny soran aşgabatly zenanyň sözüne görä, ol Tiz kömek bilen S.Nyýazow hassahanasynyň böwrek keselleri bölümine getirilipdir. Düzgün boýunça 3 gün hassahanada berilmeli mugt bejergiler oňa berilmändir. Onuň ýanyna hatda 3 günüň dowamynda lukman hem gelmändir.

“Dermanlary özüň satyn alyp getirip sanjym urdurmasaň, lukmanlar tarapyndan hiç bir kömek bolmaýar. Näsaga zerur bolan damjalaýyn sanjymlary urmaýarlar. Seniň keseliňe doly göz ýetirmän, dessine operasiýa etmekligiň zerurdygyny aýdlar” diýip, ol aýdýar.

Näsaglaryň arasyndaky myş-myşlara görä, kimdir bir hakyky keseli bolan näsagyň rentgen barlagny görkezip, ynha seniň böwregiňde daş bar, gyssagly operassiýa etmeli diýlendigini, ol näsagyň operassiýa üçin serişdesi bolman, hassahanadan çykyp gidendigini, soňra Kardiologiýa hassahanasynda kompýuter barlagyndan geçende, onuň böwreginde diňe sowuklama, ýagny sistit keseliniň bardygy belli bolupdyr.

“Näsaglara awtoulagyň barmy, nirede ýaşaýaň ýa hossarlaryň nirede işleýär diýen ýaly soraglary berip, onuň material taýdan ýagdaýyny bilmäge çalyşýarlar. Näsag gygyryp ýatsa-da, ýanyna gelýän adam ýok. Näsag bu ýagdaýlardan hopugyp, hassahanany terk etmek islän ýagdaýynda, ‘özüm islegim boýunça hassahanadan çykýaryn, lukmanlaryň hyzmatyndan islegim boýunça ýüz öwürýärin’ diýip, dilhaty alýarlar. Hakykatda näsag seredilmänsoň, ol ýerden gaýtmak bilen bolýar” diýip, ol sözüne goşýar.

Ýurtda dörän ykdysady krizisiň netijeleri esasan hem saglyk pudagyna öz ýaramaz täsirini ýetirýändigi aýdylaýar. Ozaldan hem arzan bolmadyk medisina hyzmatlarynyň tölegleriniň yzygiderli ýokarlanmagy, dermanlaryň aşa gymmatlamagy netijesinde, sosial taýdan goragsyz, işsiz, aýlyk-günlüksiz maşgalalara bu ýagdaýyň juda agram salýandygyny ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.