“Türkmenistanyň Hronikasy” websaýty 24-nji aprelde Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň duşuşmaklaryna garaşylýandygyny habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, häzir Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçäkleşýän Daşoguz welaýatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapara gelmegine çynlakaý taýýarlyk görülýär.
Şuňa meňzeş taýýarlyk işleri Özbegistanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Horezm oblastynda hem alnyp barylýar diýip, 16-njy aprelde çap edilen habarda aýdylýar. Emma muňa garamazdan, Aşgabat bilen Daşkendiň resmi metbugatynda häzire çenli bu aýdylýan duşuşyk barada hiç bir maglumat berilmedi.
2016-njy ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow aradan çykyp, Şawkat Mirziýoýew prezident saýlanaly bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar täze bir derejä çykdy we Özbegistanyň ikinji prezidenti özüniň daşary ýurt saparlaryny 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistandan başlady.
Bellemeli ýeri, prezident Mirziýoýew şondan kän wagt geçirmän, 2017-nji ýylyň maýynda hem iki günlük resmi sapar bilen günbatara Türkmenistana geldi. Şonda hem türkmen mediasy bu saparyň öňünden planlaşdyrylandygy ýa-da planlaşdyrylmandygy barada anyk bir zat aýtmandy. Munuň üstesine, Mirziýoýewiň iki aý çemesi wagtdan soň Türkmenistana gaýtadan sapara gelmeginiň sebäpleri barada hem hiç zat aýdylmady.
Şu aralykda, türkmen DIM-niň maglumatyna görä, 9-njy aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek syýasy konsultasiýalary mahalynda taraplar “iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky ynamly gatnaşyklary” belläp, onuň “köptaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösüşine esas berýändigini” nygtadylar. Emma resmi maglumatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň goňşy ýurda etjek sapary we onuň gün tertibi barada hiç zat aýdylmady.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşiniň Özbegistana etjek sapary baradaky maglumaty ýanwar aýynda dilinden sypdyrdy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Şiri Şiriýew fewral aýynda iki ýurduň liderleriniň duşuşygyna işjeň taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Metbugat habarlarynda türkmen diplomatyna salgylanyp aýdylmagyna görä, bu sapar bahar aýlaryna planlaşdyrylana meňzeýärdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew soňky gezek geçen ýylyň sentýabr aýynda duşuşdy. Ýöne Berdimuhamedow martyň başynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň Astanada geçirilen sammitine gatnaşman, Birleşen Arap Emirliklerine sapar etdi. Şol bir wagtda, mart aýynyň aýagynda Özbegistanyň Aşgabatda geçirilen Milli senagat sergisinden soň, Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem Özbegistanda şeýle sergi guramagyny buýurdy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” öz çeşmelerine salgylanyp, Özbegistanyň Horezm oblastynda, etniki türkmenleriň kowçum bolup oturýan Gaýbul obasynda geçen ýyl türkmen mekdebiniň, poliklinikanyň, çagalar bagynyň we bir topar ýaşaýyş jaýynyň gurlandygyny habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, bu desgalaryň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidentiniň gelmek ähtimallygy bar.
Gepiň gerdişine aýdylsa, hukuk goraýjy aktiwistler Türkmenistanda özbek dilindäki mekdepleriň ýapylandygyny habar berýärler. Şeýle ýagdaý Yslam Kerimowyň prezidentlik eden ýyllarynda Özbegistanda hem boldy, türkmen, täjik dillerindäki mekdepler ýapyldy diýip, özbek žurnalistleri aýdýar.