Türkmenistanda ýene regionlar boýunça jogapkär ýolbaşçylar bellendi

Lebap. Ýykylan köpri.

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhmawedowyň ýene bir gezek regionlar we paýtagt boýunça jogapkär ýolbaşçylary belländigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu ýolbaşçylar Türkmenistanyň prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek baradaky milli programmasynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmeli.

Prezidentiň kararyna laýyklykda, wise-premýerler Çary Gylyjow Ahal welaýatyna, Mämmethan Çakyýew Balkan welaýatyna gözegçilik eder.

Ministrler kabinetiniň aşlygynyň orunbasarlary Esenmyrat Daşoguz welaýatyna, Kerim Durdymyradow Lebap welaýatyna, Myratgeldi Meredow Mary welaýatyna gözegçilik eder. Wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewiň bolsa Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenilendigi habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti soňky bir ýarym ýylyň dowamynda regionlar boýunça jogapkär ýolbaşçylary dört gezek gaýtadan belledi.

Şol bir wagtda ýurduň oba, etrap ýerlerindeki ýollaryň, köprüleriň köpüsiniň onlarça ýyllap bejergi görmändigi, suw turbalaryny çekmek, elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak meseleleriniň ýyldan-ýyla soňa goýulýandygy barada maglumatlar gelýär.

Resmi maglumatlara görä, häzir ýurtda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 1600-den gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýerli synçylar bu desgalaryň esasan Aşgabatda gurulýandygyny, regionlara ýeterlik üns berilmeýändigini belleýärler.