Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi we gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin Balkan welaýatynyň häkimi Satlyk Satlykowa käýinç yglan etdi”.
TDH-nyň maglumatyna görä, 11-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde ýurduň beýleki welaýatlarynyň ýolbaşçylaryna hem “wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändikleri üçin” käýinç yglan edildi. Şeýle-de prezident, "oba maksatnamasy" hem-de alnyp barylýan gurluşyklaryň hiline gözegçiligi gowşadandygy üçin" gurluşyk we binagärlik ministri Soýençnazar Selimowa käýinç berdi.
Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri we ýerli synçylar welaýatlarda, etrap we oba ýerlerinde saklanyp galýan problemalar hakynda yzygiderli maglumat berýärler we bu maglumatlar döwlet baştutanynyň geçirýän maslahatlarynda gytaklaýyn tassyk bolýar.
Balkanly çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Balkan welaýatyndaky problemalar sanardan kän we olaryň birinjisi garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen “Türkmenmallary” döwlet birleşigi we döwlet eýeçiligindäki mallaryň tasdan dargadylmagy, iş ýerlerini ýapylmagy bilen bagly.
Bu ýagdaý ozal uly möçberde maldarçylyk önümlerini öndüren maldarçylyk obalarynyň bir toparynyň çolaryp galmagyna alyp geldi. Netijede, 2016-2017-nji ýyllarda geçirilen täze adminstratiw bölünişikdebu obalaryň bir topary kartadan öçürildi. Şol bir wagtda, kartadan öçürilen obalarda ýaşaýan az sanly ýekebara hojalyklarda ne gaz, ne elektrik üpjünçiligi, ne mekdep, ne saglyk nokady bar diýip balkanly çeşmeler habar berýär.
Munuň üstesine, Balkan welaýatynda entek kartadan öçürilmedik ilatly nokatlaryň hem ýollarynyň juda ýaramazdygy aýdylýar.
Bellemeli ýeri, soňky ýyllarda hökümet Balkan welaýatynda gowaça ekmek praktikasyny togtatdy we oňa derek şeker şugundyryny ekmek boýunça plan bellenilýär. Emma ýerli synçylar ozal ýurduň senagat merkezi bolan Balkan welaýatynda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň täze bir ugurdygyny, balkanlylardan 3500 gektar çemesi ýerde ekin ýetişdirmegi talap etmegiň o diýen real däldigini aýdýarlar.
Maglumat üçin aýdylsa, Balkan welaýaty Türkmenistanyň territoriýasynyň 30 prosent çemesi meýdanyny tutýar, ilat sany bolsa, garaşsyzlykdan öňki maglumatlara görä, ýurduň ilatynyň 11 prosentine barabar. Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew garaşsyzlyk ýyllarynda Balkan welaýatynyň senagat kärhanalarynda işlän kawkazlylaryň we rus dilli ilatyň köpçülikleýin göçüp gidendigini, netijede bu sebitde ýaşaýan adamlaryň sanynyň “azalmasa köpelmändigini” tassyklaýar.
Şeýle-de ýazyjy sebitiň ilatynyň 30-35 prosentiniň senagat pudagynda zähmet çekýändigini, onsoň ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýan 30-35 prosent ilat üçin 3500 gektar ekerançylyk ýerine berilýän planyň aşa çökder düşýändigini, adam ýetmezçiligi zerarly şäherleriň ilatynyň, býujet edaralarynyň işgärlerini mejbury oba hojalyk işlerine, şugundyr ýygmaga çekmegiň adaty bir zada öwrülýändigini habar berýär.
Ikinji tarapdan, 3500 gektar ýerde öndürilen gant şugundyry Balkan welaýatynyň özünde işlenilmän, bir gapdaly 900 kilometr aralyk bolan Mary welaýatyna äkidilýär. Bu ýolda önümiň belli bir mukdary zaýa bolýar we netijede daýhanlaryň ekin ýetişdirip almaly girdejisi azalýar.
Şeýle-de synçylar Balkan welaýatyndaky problemalaryň esasan hakyky bazar ykdysadyýetine geçilmezligi hem-de korrupsiýanyň giň ýaýramagy bilen baglydygyny aýdýarlar.
Ýazyjy Bugaýewiň tassyklamagyna görä, sebitde ýokary derejeli resmileriň garyndaşlarynyň atlaryna resmileşdirilen ýüzlerçe gektar ýerde beýleki welaýatlardan gelen zähmet migrantlarynyň güýji bilen ýetişdirilen şeker şugundyryny ýygnamak, ýa-da galla hasylyny ýetişdirmek üçin şäher ýaşaýjylaryndan, býujet edaralarynyň işgärlerinden ortaça 30 manatdan pul ýygnalýar we soň bu önümleriň girdejisiniň kime we nirä gidýändigi belli bolman galýar.