Murgapda suw az; gowaça ekişinden saklanmagy maslahat berýärler

Türkmen obasy. Illýustrasiýa suraty

Gyşyň gurak gelmegi hem gar ýagmanlygy sebäpli, Murgap derýasyndan gelýän suwuň derejesi peselipdir. Munuň netijesinde Mary welaýaty, esasan hem Ýolöten etraby üçin ätiýaçlyk suw saklaýan Saryýazy suw howdanynda ätiýaçlyk suw saklanman, häzirki wagtda suwy Murgap derýasy bilen Mary welaýatynyň beýleki etraplaryna garşy göni akdyrylýandygy aýdylýar.

“Ýerlere ýuwuş suwy hem doly berilmedi. Ýöne ýerler sürlüp, tekizlenip, ekişe taýýar edildi. Pagta ekişiniň başlanmagy bilen käbir daýhanlaryň ýeri ekildi. Emma daýhan birleşikleriň ýolbaşçylary heniz ekişe girişmedik daýhanlara gowaça ekmezligi maslahat berýärler” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran Ýolöten etrabyndan bir kärendeçisi aýdýar.

Onuň sözüne görä, bar bolanja suw Mara tarap akdyrylýar. Saryýazy suw howdanynda ätiýaçlyk suwlar bu ýyl ýygnanmandyr. Eýýämden bolsa howdanyň suwy peselipdir. Tomus howdanda suwuň asyl bolmazlygna garaşylýar.

“Şol sebäpli tehniki hyzmatlaryň, tohumyň tölegleri hem daýhanlaryň boýnuna düşmez ýaly, gowusy, gowaça ekmekden saklanaýyň. Barybir ol gögerenden soňra, ony tomus suwa ýakar ýaly suw bolmaz. Bardy-geldi, bir gezek suw ýetäýen halatynda-da, ondan hasyl alyp bolmaz. Gowaçany azyndan 4-5 gezek suwarmaly. Emma bu ýyl Ýolöten etrabyna ýeterlik derejede suw ýetmejegi görnüp dur” diýip, daýhan birleşikleriniň başlyklary daýhanlara duýduryş beripdirler.

“Edil şu günki gün suw ýetmezçiligi sebäpli bugdaýlar hem suwsuz, bir garyş bolup otyrlar. Geregiçe ýagyn hem ýagmady. Bugdaýdan hem hasyla garaşamyzok” diýip, daýhanlar aýdýarlar.

“Kärende ýerim ene ýabyň aýak ujunda. Maňa barýança suw juda azalýar. Geregiçe suwaryp bolmasa, dökün berilmese, hasyl hem bolmaýar. Başlyklar suw nobatyna gözegçilik etmän, berilmeli döküni hem wagtynda daýhana bermän, öz kärende ýerleri bilen başagaý bolýarlar. Ýeriňe suw almak üçin nobat ýok. Baş-başdak, her kim başyny çaramaly. Suw üstünde daýhanlaryň arasynda uruş-sögüş hem bolýar. Şol uruş-sögüşe baryp ýetenimden, hasylsyz galanymy oňat gördüm” diýip, bir kärendeçi geçen ýyl 3 gektar ýerinden girdejisiz galandygyny aýdýar.

“Bu ýyl kärende ýerime pagta ekmelidim. Indem ony ekmezlik maslahat berilýär. Güzeranymyz bolsa şol kärende ýerimize garaşly” diýip, ol häzirki un gytçylygynda çöreksiz galýan günleriniň hem bolýandygyny, ol zatlar üçin hiç bir ýolbaşçynyň başy agyrmaýandygyny ol sözüne goşýar.

Suw ýetmezçiliginiň diňe bir Ýolöten etrabynda däl, Hindiguş suw howdanyndan suw alýan Murgap etrabynda hem eýýämden ýiti duýulýandygyny murgaply ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

“Bugdaýlary suwarmaga suw bolmady. Pagtanyň bu ýyl näme boljakdygy belli däl. Murgap derýasynyň suwy pes. Daýhanlar öz güzeranlarynyň nähili boljagyny şu günlerden alada ediýärler” diýip, Murgap etrabynyň Gatyýap daýhan birleşigniň kärendeçisi aýdýar.

“Geçen ýyl suw ýetmezçiligi duýulman, hasyl gowy boldy diýlende-de, oktýabr aýlarynda başlanan un, iým ýetmezçiligi şu günki gün hem dowam edýär. Ýagdaý beterleşmese gowulaşmaýar” diýip, daýhanlar nygtaýarlar.