Aşgabatda kanselýariýa harytlary gymmatlady, olary tapmak kynlaşýar

Kanselýariýa harytlary

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ilatyň ulanýan käbir kanselýariýa harytlarynyň bahalary yzygiderli üýtgäp, mundan ozal dollaryň bahasynyň kadaly wagty 35-40 manatdan satylan 500 listlik A4 kagyzyň gutusynyň bahasy häzirki wagtda 80 manada, ozal 30-50 teňňe aralygynda bahalanan şarly ruçkalaryň bahalary 2 manada çykdy.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýlary tassyklap, agzalýan harytlaryň ýetmezçilik edýändigi barada gürrüň berdi.

“Türkmenistanda soňky döwürde azyk-harytlary barada-da gahatçylyk gytçylyk dowam edýär. Indi bu göze görner derejä baryp ýetdi, ýagny Türkmenistanda kanselýariýa harytlarynyň-da köp görnüşleri ýetmezçilik edýär. Gyt zadyň-da gitdigiçe bahasy artýar, ol öňküsinden gymmatlaýar” diýip, ol aýtdy.

Synçynyň sözlerine görä, ýurtda dollaryň bahasynyň durnukly döwründe, ýagny walýutanyň “gara bazardaky” bahasy bilen bankdaky nyrhynyň durnukly bahadan satylan döwründe 1 gutusy 35-40 manat aralygynda satylan “standart listler” häzirki wagta 80 manada çykdy.

“Dünýäniň düzüw wagty, ykdysady çökgünlilik entek başlanmanka, her gutusynda 500 listi bolan, Orsýetde öndürilen şol iş kagyzlarynyň bahasy orta hasap bilen 35-40 manada durýardy. Häzirki günlerde şol kagyzlar juda gymmatlady. Ozaly bilen olary öňki ýaly baryp, çem gelen ýerden tapyp bolanok. Tapaýaňda-da, indi olaryň bahasy 80 manatdan aňyrda” diýip, paýtagtly synçy belledi.

Şol bir wagtyň özünde ilat arasynda “şarikowoý ruçka” diýilýän, şarly ruçkalaryň-da bahasynyň galandygyny ýerli synçy gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä agzalýan ruçkalar Türkmenistana esasan Hytaýdan we Orsýetden import edilýärdi.

“Ýene-de bir iň ýönekeý zat, il içinde “şarikowoý ruçka” diýlip atlandyrylýan we mekdep okuwçylaryna-da ulanmaga rugsat berilýän [ruçkalar barada]. Ozal şol ruçkalar esasan Hytaý Halk Respublikasyndan, Orsýet Federasiýasyndan getirilýärdi. Olaryň bir sanysynyň bahasy 30 teňňe, gymmat bolanda 50 teňňedi. Häzir indi şolaryň bahasy 2 manada ýetdi” diýip, Bugaýew aýtdy.

Gürrüňdeşligiň dowamynda ýerli synçy agzalýan harytlaryň bahasynyň gymmatlamagy bir ýana, olary aňsat tapyp bolmaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu ýagdaýlaryň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüňe dowam eden söhbetdeşimiz, ýerli işewürler üçin daşary ýurtdan haryt getirmegiň agyrlaşandygyny, sebäbi dollaryň resmi kursdan satyn alynmagyna belli-belli firmalara rugsat berilýän bolaýmasa, hemme işewürde bu mümkinçiligiň ýokdugyny aýtdy.

“[Agzalýan harytlary] çem gelen ýerden tapyp bolanok, sebäbi ýurduň daşyndan şolary getirmek üçin biziň işewürlerimiziň maliýe mümkinçiligi juda çäkli, sebäbi ýurtda belli-belli firmalar bolaýmasa, türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek gün geçdigiçe kynlaşýan ýagdaý” diýip, Bugaýew belledi.

Harytlaryň gymmatlamak prosessiniň gysga wagtyň içinde bolup geçmändigine ünsi çeken synçy, şeýle ýagdaýyň 2016-njy ýylyň aýagyndan bäri az-azdan ýöne yzygiderli dowam edýändigini nygtady. Şonuň netijesinde ozal 35-40 manat bolan A4 kagyzlarynyň bahasy 80 manada, ozal bahasy 30-50 teňňe arasynda üýtgän şarly ruçkalaryň bahalary häzirki wagtda 2 manada baryp ýetdi.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew kagyz önümçiligindäki hünärmenleriň sözlerine salgylanylyp, agzalýan kagyzlary Türkmenistanda öndürmek üçin ýerli çig mal serişdeleriniň doly diýen ýaly tapdyrýandygyny aýtdy. Şeýle-de synçy şeýle kagyzlaryň ýurtda öndürilýändigini, ýöne olaryň hiliniň pesdigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi:

“Ozalam Türkmenistanyň özünde şol kagyzlary öndürýärdiler, ýöne öndürilýän kagyzlar hil taýdan juda pesdi. Häzirem şolar hil taýdan pes, ýogsam bolmasa dünýä bazarynda hyrydary tapyljak kagyzy öndürmäge Türkmenistanda çig mal näçe diýseň bar diýip, şol ugurdan işleýän hünärmenler gürrüň berýärler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew nygtady.

Türkmenistanda bahalaryň ýokarlanmagy bilen bagly maglumat üçin aýdylsa, fewral aýynyň soňky on günlüginiň başynda Aşgabatda import edilýän senagat harytlary 80 %, mart aýynyň birinji on günlüginiň ortalarynda senagat harytlary öňküsiniň üstüne ýene-de 50 % gymmatlapdy.