Belarusdaky türkmen talyplary: Türkmenistandaky banklar tölenen okuw töleglerimizi geçirenok

Belarusyň Döwlet medisina uniwersiteti

Belarusyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan türkmen talyplaryna, özleri üçin Türkmenistandan ýurduň banklary arkaly ugradylan okuw töleginiň ýokary okuw jaýynyň hasabyna wagtynda geçmändigi üçin okuwdan çykarylmak howpy abanýar. Bu barada agzalýan ýokary mekdebiň türkmenistanly bir talyby adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, düýn 2-nji aprelde Azatlyk Radiosyna habar berdi.

“Biziň okuw töleglerimiz 20-nji fewralda Türkmenistandaky banklara geçirildi, ýöne türkmen banklary bu tölegleri Belarusdaky ýokary okuw jaýymyzyň hasabyna geçirmändir. Uniwersitetimiz tölegleriň 1-nji aprele çenli geçirilmegini talap edipdi. Şu hepdäniň anna güni bizi okuwdan kowýarlar” diýip, türkmenistanly anonim talyp gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä türkmen bank resmileri ilkinjilik bilen tanyş üsti bilen ýa-da para bilen özlerine ýüz tutýan adamlara kömek edýärler.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen banklary bilen aragatnaşyga geçip bilmezlikden şikaýat eden türkmen talyby bilim alýan ýurdundaky türkmen ilçihanasyna-da nägileligini bildirýär.

“Iň esasy ýeri Minskdäki ilçimiziň bize peýdasy degmeýär. Ol diňe döwletiň kömegi bilen okamaga gelen talyplara ýardam berýär. Belarusa öz hasabyna okamaga gelen türkmenistanly talyplar ony gyzyklandyranok. Biziň umumy sanymyz 42-den gowrak” diýip, anonim şertlerde habarlaşan türkmenistanly talyp gürrüň berýär.

“Biziň aramyzda ýene-de 3 aýdan okuwyny tamamlamaly ýaşlaram bar. Ýöne, töleg gelip ýetişmese olary-da okuwdan çykarýarlar” diýip, maliýe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan türkmen talyby sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, gürrüňdeşimiz Belarusyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan talyplaryň dürli welaýatlardan gelen ene-atalaryndan 10-12 adamyň haraý gözläp düýn, 2-nji aprelde Aşgabadyň banklaryna barandygyny aýtdy.

“Biz Türkmenistandaky banklara 2 müň dollar [okuw tölegini] töledik. [Adatda] okuw üçin ýylyna 4 müň dollar, umumy ýaşaýyş jaýy üçin aýyna 75 dollar töleýäris. 4-nji fewralda meniň kursdaşymyň okuw tölegi Mary welaýatynda ýerleşýän Daýhan bankyň üsti bilen geçirilmeli edilipdir, ýöne [aradan şunça wagt geçendigine garamazdan] heniz ýeke köpügem geçmedi” diýip, türkmenistanly talyp derdinýär.

Şeýle-de söhbetdeşimiz agzalýan käbir geçirimleriň Türkmenistanyň “Halk bank” döwlet täjirçilik banky arkaly geçirilýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Onuň sözlerine görä, Aşgabatdaky banklarda kimiň tanşy güýçli bolsa şoňa möhüm orun berlip, şonuň puly birinjilik bilen geçirilýär.

Sosial media arkaly geňeş

Beýleki bir tarapdan, gürrüňi edilýän ýagdaýlar boýunça degişli okuw jaýlarynyň talyplary sosial media arkaly hem birek-birekden maslahat sorap çykalga gözleýärler.

Has takygy, türkmen talyplarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan Instagram sahypalarynyň birinde agzalýan ýokary mekdepde okaýandygyny öňe sürüp ýazgy galdyran bir ulanyjy şeýle diýýär:

“Belarusyň Med[isina] uniwersitetiniň 6-njy kursunda okaýan. [Ýene-de] 3 aýdan diplom almaly. Okuw [töleg] pulumy 22-nji fewralda geçiripdirler, [ýöne henizem töleg] geçenok. [Okuw jaýymda] 1-nji güne çenli wagt berdiler. [Şoňa çenli töleg] pulum geçmese “oçislenýa” edýärler. Näme etjegimi bilemok, maslahat beräýiň!” diýip, haraý gözleýär.

Gürrüňi gidýän ýokary okuw jaýynda okaýandygy çak edilýän beýleki bir talyp özüniň okuw töleginiň Türkmenabadyň Daýhan bankyndan 20-nji fewralda geçirilendigini, ýöne ýokary okuw jaýynyň hasabyna heniz bu tölegiň geçmändigini aýdýar. Ol: “Men-ä näme etjegimi bilemok” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Sosial media arkaly gürrüňdeşlige goşulýan beýleki bir ulanyjy: “Okuw tölegini 8-nji fewralda [Türkmenistandan] tölediler. Ýöne henizem uniwersitetiň hasabyna geçenok. [Türkmenistandaky] banka jaň etsek “geçdi” diýýär. Uniwersitet “geçenok” diýýär. Näme etjegimi bilemok. Maslahat beräýiň-dä!” diýip ýazýar.

Azatlyk Radiosy 3-nji aprel güni agzalýan ýagdaýlary resmi taýdan aýdyňlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň “Halk Bank” – Döwlet täjirçilik bankyna jaň edeninde, bankyň “Sorag-jogap” gullugynyň “Daşary ýurtlar boýunça amallary amala aşyrýan bölümiň telefon belgisi” diýip beren salgysyndaky jogapkär bank resmisi özleriniň diňe içerki amallara jogap berýändigini, bu mesele boýunça maglumat berip bilmejekdigini aýtdy. Gysgaça, Azatlygyň degişli resmilerden maglumat almak synanyşygy başa barmady.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Belarusdaky türkmen ilçihanasyndan gürrüňi edilýän ýagdaýlar boýunça maglumat almak synanyşygy netije bermedi. Ilçihana bu mesele bilen bagly özleriniň kommentariý bermegi ret edýändigini aýtdy.

Sözümiziň başyndaky meseläni gozgan anonim talybyň sözlerine dolanyp gelsek, ol:

“[Minskdäki türkmen ilçihanasy] ses bermäge gezek gelende, dynç güni bolandygyna garamazdan bizi zor bilen mejbury çagyryp ses berdirdiler. Ýöne bize kömek gerek wagtynda ilçi ýok. Ýöne gaýrat edip meniň adymy efirde agzamaň!” diýip, sözüni jemleýär.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada daşary ýurt metbugat serişdelerinde, şol sanda Azatlyk Radiosynda wagtal-wagtal maglumatlar peýda bolup durýar. Ýöne, bu meseleleri çözmek boýunça türkmen resmileriniň görýän anyk tagallalary barada jemgyýetçilige giňişleýin maglumat elýeterli däl.