Aşgabatda kabel telewideniýe 'kadaly işlemeýär'

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Howa sähel garalanda ýyldyrym çakyp, gök gürläberse [kabel] telewideniýe arkaly tomaşa edilýän gepleşikleriň sesi gidýär, soňra telewizoryň ekranyna kerpiç ýaly şekiller çykyp, şekil doňýar” diýip, paýtagtyň ýaşaýjylaryna hökümetiň hödürleýän kabel telewideniýe hyzmatlary boýunça Azatlyk bilen 2-nji aprelde söhbetdeş bolan aşgabatly çeşmämiz gürrüňe başlaýar.