“Howa sähel garalanda ýyldyrym çakyp, gök gürläberse [kabel] telewideniýe arkaly tomaşa edilýän gepleşikleriň sesi gidýär, soňra telewizoryň ekranyna kerpiç ýaly şekiller çykyp, şekil doňýar” diýip, paýtagtyň ýaşaýjylaryna hökümetiň hödürleýän kabel telewideniýe hyzmatlary boýunça Azatlyk bilen 2-nji aprelde söhbetdeş bolan aşgabatly çeşmämiz gürrüňe başlaýar.
“Onsoň adamlar tunere zyýan ýetäýmesin diýip, howa şertleri köşeşýänçä tunerlerini öçürýärler” diýip, çeşmämiz ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, gürrüňe dowam edýär.
Söhbetdeşimiz soňky takmynan 10 ýylyň dowamynda häkimiýetleriň çanak antennalaryna “jynlarynyň düşmegi” bilen, Aşgabadyň ilatynyň, şeýle-de welaýatlaryň administratiw merkezleriniň ýaşaýjylarynyň soňky wagtlarda çanak antennalary arkaly tomaşa edip boljak telewizion kanallardan mahrum edilýändigini aýratyn nygtap, bazarlarda agzalýan antennalary satmak boýunça gadagançylygyň ýokdugyny, ýöne olaryň tas ogryn ýol bilen diýen ýaly satylýandygyny belledi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda esasy aragatnaşyk kompaniýasy bolan “Türkmentelekomyň” ilaty kabel telewideniýeleri bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün edýändigini aýdan çeşmämiz, halka hödürlenýän hyzmatyň örän harsaldygyny aýtdy.
Çeşmämiziň sözlerine görä, kabel telewideniýesinde näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli edaralara jaň edilende, tehniki hyzmat hödürleýän tarap şikaýat bilen ýüz tutýan adamdan garaşmagy soraýar, başga-da bir toparyň adamyň nobata ýazylandygyny aýdýar.
Kabel telewideniýesinde ýüze çykýan meseleleriň sebäpleri bilen baglylykda ussalaryň sözlerine salgylanyp gürrüňe dowam eden söhbetdeşimiz, howa şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň depesinde goýlan umumy antenna zeper ýetýändigi, bu ýagdaýyň telewizion gepleşikleri arkaýyn görmek mümkinçiligine oňaýsyz täsir edýändigini aýtdy.
Çeşmämiziň sözlerine görä, ýokardan ussalara tehniki näsazlygyň sebäplerini bolşy ýaly däl-de, başgaça düşündirmek talap edilýär.
“Olara [ussalara] “emeli hemranyň aýlanmagynda dörän problema sebäpli mesele çykdy diýiň” diýýärler. Ýöne olar her niçik-de bolsa problemany düşündirjek bolýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy gürrüň berdi.
“Ýöne 2-3 günläp telewizor görkezmäni durýan ýagdaýynda-da [Türkmentelekom] gümürtik bahanalar bilen başyndan sowýar, sähel töleg tölenmese welin dessine çäre görýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Şeýle-de ol, agzalýan edaranyň öz bähbidine gezek gelende örän operatiw işleýändigini sözüniň üstüne goşdy.
“Türkmentelekom öz bähbidine gezek gelende juda operatiw işleýär, telegörüjiniň bähbidine gezek gelende welin galp bahanalar tapýar. Iki arada telegörüji kösenýär” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.
Tehniki näsazlygyň gyş we tomus aýlarynda gaýtalanyp durýandygyny bellän paýtagtly çeşmämiz, tomus aýlarynda howanyň temperaturasynyň aşa galmagy bilen, tehniki bökdençlik ýüze çykyp, aragatnaşyk edarasyna jaň etseň, olaryň şol bir bahanalary gaýtalaýandygyny belleýär.
“Tomusda jaň etseň ‘Düşüniň ýagdaýa! Daşarda 50 gradus, kabeller çydanok!’ diýip jogap berýärler” diýip, Aşgabatdaky kabel telewideniýesiniň kynçylyklary barada nägileligini gürrüň beren söhbetdeşimiz sözüni jemleýär.
Türkmenistanyň telewizion kanallarynda öz gepleşikleriniň kabel telewideniýeleri arkaly tomaşa edilmeginde ýüze çykýan nogsanlyklar boýunça kelam agyz gürrüň edilmeýär.
Galyberse-de, gürrüňi edilýän meseleler boýunça “Türkmentelekomyň” edarasyndan maglumat alyp bolmaýar.