Siriýa: 41 müňden gowrak gozgalaňçy gündogar Ghoutany terk etdi

Arbin, günogar Ghouta, ewakuasiýa edilmegine garaşýan adamlar. Arhiw suraty

Siriýa hökümet güýçleriniň we olaryň ýaranlarynyň sebitde has düýpli orun almagy bilen 41 müňden gowrak gozgalaňçy we olaryň maşgala agzalary gündogar Ghoutany terk etdi diýip, rus generaly aýtdy.

General maýor Ýuriý Ýewtuşenko 31-nji martda “Faýlak al-Rahman” toparynyň agzalarynyň Siriýanyň howpsuzlyk gulluklarynyň, Siriýanyň Arap Gyzylýarymaý jemgyýetiniň we rus polisiýa ofiserleriniň ugratmagynda Erbin, Jobar, Ein Tarma we Zamalka ilatly nokatlaryndan çykarylandygyny aýtdy.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugynyň Ýewtuşenka salgylanyp ýazmagyna görä, “Faýlak al-Rahman” toparynyň söweşijileriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ewakuasiýa edilmegi “Jaýş al-Yslam” ýaly iň uly toparlary hem ýaragyny taşlamaga hem-de demirgazyk-günbatar Siriýada gozgalaňçylaryň elinde saklanýan ýerleri terk etmäge yrmak umydyny döredýär.

Siriýanyň harby resmileri hökümet güýçleriniň we olaryň ýaranlarynyň ozal pitneçileriň elinde bolan regionyň 90 prosentden gowragyny ele geçirendigini aýdýar, şol bir wagta hökümete garşy toparlaryň galyndylary gündogar Ghoutada eýelän iň soňky ýerlerinde saklanyp galýarlar.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, 18-nji fewraldan bäri gurnalan harby hüjüm, yzygiderli bombalaýyşlar esasynda 1600-den gowrak asuda adam öldürildi, müňlerçe adam bolsa ýaralandy.