Daşoguzly zähmet migrantlary Aşgabatda 'para talaby bilen ýüzbe-ýüz bolýar'

Aşgabat, N.Andalyp köçesinde işleýän gurluşykçylar. Arhiw suraty

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi soňky hepdelerde Aşgabada işlemäge gidýän daşoguzlylaryň köpelip başlandygyny, emma olaryň köpüsiniň paýtagtdaky gurluşyk kärhanalaryna işe ýerleşjek bolanlarynda “para talaby” bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny habar berýär.

Azatlygyň çeşmeleri geçen ýyl, sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlaryndan öň welaýatlardan gelip, gurluşyk firmalarynda işleýän içerki zähmet migrantlarynyň köpçülikleýin paýtagtdan çykarylyp, ýaşaýan ýerlerine ugradylandygyny habar beripdi.

“Ýaňy-ýakynda il arasynda ‘Aşgabatdaky firmalar işe başlapdyr’ diýen maglumatlar peýda boldy we işsiz gezip ýören daşoguzlylaryň köpüsi bu habara begenip, işe girmek umydy bilen Aşgabada gitdiler” diýip, belli sebäplere görä adynyň aýdylmagyny islemedik çeşme ýazýar. Onuň sözlerine görä, zähmet migrantlarynyň işe girmek umydy köplenç firmalaryň kadrlar bölüminde puç bolýar, sebäbi olardan, girjek işine laýyklykda, öňünden 3-4 müň manat möçberinde para talap edilýär.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Aşgabada işe girmäge giden ýaşaýjysynyň Azatlygyň çeşmesine gürrüň bermegine görä, onuň dokument tabşyran firmasynda (çeşme firmanyň adyny görkezmezligi sorady), kadrlar bölüminiň işgäri dokumentleriň ýany bilen aýdylan möçberdäki puly getirmelidigini aýdypdyr.

“Eger-de işe girjegiň çyn bolsa, aýdylan puly getir, bolmasa wagtymy alma, firmanyň gapysynda iş sorap gelen müň adam garaşyp dur” diýip, akdepeli ýaşaýjy kadrlar bölüminiň işgäriniň ýüzümi alandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda soňky on ýylda para bermän işe girmek barha kynalýar. Şeýle-de, aýdylmagyna görä, para bermegiň dürli görnüşleri bar.

Aýdaly, käbirleri işe girmek üçin soralan parany nagt görnüşde, öňünden berse, käbir ýagdaýlarda, işsiziň ýagdaýy nazarda tutulyp, onuň işe girenden soň alan aýlygynyň belli bir bölegini birnäçe aýlap başlyklara bermegi şertleşilýär diýip, ýerli synçylar gürrüň berýär.

Emma häzir işsizlik meselesini para bermek arkaly çözmek synanyşyklary hem barha kän şowsuzlyga uçraýana çalym edýär.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi bilen gürleşen zähmet migrantlarynyň ençemesiniň tassyklamagyna görä,Aşgabatdaky döwlet gurluşyk edaralaryna 3-4 müň manat para berip işe ýerleşen daşoguzlylaryň köpüsi beren parasyny hem ödäp bilmerin öýdüp alada galýar.

“Sebäbi gurluşyk firmalaryndaky iş örän haýal gidýär, bir aýda ortaça 20 gün, gurluşyk materiallary ýok diýen bahana ýa sebäp bilen, iş bolmaýar” diýip, çeşme bilen gürleşen raýat gürrüň berdi.

Bu ýagdaý netijesinde, işe girenleriň gürrüň bermeklerine görä, 3 müň manat berip işe girenler bir aý doly işlände, bary-ýogy 1 müň manat çemesi aýlyk alýar; 5 müň manat berip işe girenlere bolsa, bir aýda 1 müň 500 manat çemesinde aýlyk aljakdyklary aýdylypdyr.

“Emma firmalarda häzirlikçe bir aýyň dowamynda 10 günem doly iş bolmaýar, gurluşyk firmalary diňe iş bolan güne hak töleýär, on günüň iş haky bolsa Aşgabatda kwartira tölegi bilen naharlanmaga-da ýetmeýär” diýip, Akdepe etrabynyň Aşgabada iş gözläp giden ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanyň prezidenti mart aýynda ýerli gurluşyk firmalaryny ýurt içinde öndürilen gurluşyk materiallary bilen üpjün etmegi tabşyrdy we daşary ýurtdan getirilýän gurluşyk harytlaryna gümrük pajyny salmak hakyndaky karara gol çekdi.

Ýerli synçylaryň tassyklmagyna görä, Türkmenistanda soňky 20 ýylda gurlan desgalaryň gurluşyk materiallarynyň köp bölegi daşary ýurtlardan getirildi.