Azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär

Marynyň bazary

Türkmenistanyň welaýatlarynda azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň, aýratyn-da, unyň, şekeriň, ösümlik ýagynyň gytçylygy indi ýarym ýyl bäri dowam edýändigini ýaşaýjylar tassyklaýarlar.

Welaýatlara garanda bu gytçylyk paýtagt Aşgabatda o diýen duýulmasa-da, häzirki wagtda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hem azyk önümleriniň ýetmezçiliginden kösenýändigi aýdylýar.

“Döwlete degişli azyk harytlary dükanlarynda gündelik harytlar islendik wagtda tapdyrmaýar. O dükandan beýleki dükana aýlanyp, zerur harytlaryň haçan satuwa çykaryljagyna garaşyp durmaga ýaşaýjylaryň wagty hem bolmaýar. Döwlete degişli azyk harytlary dükanlarynda günüň dowamynda bu harytlar 1-2 sagat satuwa çykarylýar. Şol sebäpli gerek harytlarymyzy hususy dükanlardan gymmat bahasyna almaly bolýarys” diýip, aşgabatly Sona aýdýar.

“Aşgabadyň Gülüstan söwda merkezinde, Teke bazary atlandyrylýan bazarynda bir kilosy 5 manatdan şeker, bir kilosy 1 manatdan ýurtda öndürilen birinji sortly un satuwa çykarylýar. Nobatlar o diýen uly bolmasa-da, garaz, nobat ýeterlik. Işli bolsaň, 5 minut wagtyň hem seniň üçin gymmatly. Haçan şu harytlary nobatsyz satyn almaga mümkinçilik dörärkä diýsek, gaýtam nobata durup almaly harytlarmyzyň sanawy artýar. Şekeriň, unuň, ýagyň nobatlary düşnükli diýip, ýumurtga satylýan ýere barsaň, bir gabynda 30 sany ýumurtga bolan, bahasy 10 manatlyk ýumurtgany gaby bilen bermeýärler. Bir ele 15-den artyk berilmeýär” diýip, Aşgabadyň ýene bir ýaşaýjysy Aýnabat daýza aýdýar. Ol maşgalasy uly bolansoň, günde bazaryň ýolunda bolýandygyny hem sözüne goşýar.

Alma, banan, mandarin, apelsin ýaly önümleriň hem bahalarynyň belli nyrhda durmaýandygyna, bu harytlaryň, esasan, Gülüstan söwda merkezinde ýokarydygyna ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

Almanyň zaýa bolup barýanlarynyň bir kilosyny 5 manatdan hödürleýär. Gowy almalar 6-10 manat aralygynda. Gülüstan söwda merkezinde-de, Teke bazary atlandyrylýan bazarda-da bir ele diňe bir kilogram berilýän birinji sortly unuň hiliniň juda ýaramazdygyny, ol unlaryň reňkine seretseň ikinji sortdan başga zat däldigini aýdýarlar. Emma ilat bir zat alyp bilse razy bolup, sesini çykarmaýar.

Ozal bir kilosy 5,50 manat bolan sogan häzir 3,50 manada düşürildi, sebäbi gymmat bahadan satylan sogan geçginli bolmady. Indi bolsa howanyň maýlamagy bilen gögerip başlady. Sogan gögerende, onyň agramy hem ýeňleýär.

Azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyndan, olary satyn almaga girizilýän çäklendirmelerden, munuň fonunda ilatyň çekýän kynçylyklaryndan ýolbaşçylaryň asla habarsyzdygy aýdylýar.