Saýlaw baradaky reportažlar iki hepde öňünden surata düşürildi

Türkmen operatorlary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mejlisine deputatlarynyň saýlawlarynyň ýakynlamagy bilen, türkmen mediasynyň iki hepde öňünden, hamana, saýlaw güni wideo alnan ýaly edip, eýýämden wideo reportažlaryň taýýarlap başlandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Şu ýekşenbe güni, ýagny 25-nji martda türkmenistanlylar Mejlisiň deputatlaryny, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriniň agzalaryny saýlarlar.

Bu möhüm syýasy çäre bilen baglylykda, geçen hepde Daşogzyň ençeme etraplarynda, hamana, saýlaw güni surata düşürilen ýaly edip, tele-reportažlar taýýarlanypdyr.

“Bir topar býujet işgärlerini ýygnap, saýlaw uçastoklaryndan reportažlary taýýarladylar. Saýlawlary geçirmäge bellenenler, eýýäm býulletenleri özleri dolduryp, kameranyň öňünde ‘palança prosent adam ses bermäge geldi’ diýip maglumat berdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlara şaýat bolan bir çeşmesi aýdýar.

Saýlawlara çakylyk

Azatlyk Radiosy ýokarky maglumatlar boýunça Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topary bilen habarlaşanda, degişli kätip bu maglumatlaryň “ýalandygyny”, şeýle-de “hemme zadyň kanuna, kodekse, konstitusiýa laýyklykda edilýändigini” aýtmak bilen çäklenip, başga goşmaça kommentariýa bermedi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli künjegindäki çeşmeleri bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bu saýlawlara gatnaşmajakdyklaryny, hatda öz sebitinden dalaş edýän kandidatlary tanamaýandyklaryny hem aýdýarlar.

“[Daşogzyň] Boldumsaz etrabynda diňe býujet işgärleri diýäýmeseň, etrabyň häkimini tanaýan hem gaty azdyr. Meniň bilen söhbetdeş bolan daşoguzlylar bu saýlawlara gatnaşmajakdyklaryny aýtdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky bir çeşmesi gürrüň berdi.

Saýlawlara çakylyk

Şular ýaly maglumatlar ýurduň beýleki sebitlerinden, şol sanda Aşgabatdan hem gelip gowuşýar. Bu aralykda, döwlet mediasynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen “gyzykly hem-de açyk söhbetdeşlikleri” geçirýändikleri öňe sürülýär.

Resmi maglumata görä, Milli parlamentiň deputatlygyna jemi 284, şol sana prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2 müň 570, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 13 müň 215 dalaşgär hödürlenilipdir.

Galyberse-de, adam hukuklaryny goraýjy toparlar, Türkmenistanda hiç wagt azat we adalatly saýlawlaryň bolmandygyny belleýärler.