Türkmenistanyň prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, onuň agzalary bilen duşuşyp, – ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe – dürli gurluşyk obýektleri üçin Birleşige 3 millard dollar möçberinde döwlet karzyny berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň TSTB-a döwlet karzlaryny bermek baradaky gol goýan Kararyna laýlyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen TSTB-ä ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berer.
Mundanam başga, Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan kaliý zawodynyň gurluşygy boýunça tenderi geçen ýylyň aprelinde yglan edipdi. Munuň yzy bilen, belarus media serişdesi Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka salgylanyp, Türkmenistanyň Belarusdan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ýene bir kombinaty gurup bermegi sorandygyny habar beripdi. Emma, geçen ýylyň sentýabrynda Belarusyň “Belgorhimprom” kärhanasy Türkmenistanda ikinji kaliý zawodyny gurmakdan ýüz öwüripdi.
Şeýle-de, Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny işewürlik we edara ediş taýdan dolandyrmagy tabşyrmak barada karara gelendigini hem habar berdi.
Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde telekeçileriň goşýan goşandyna ýokary baha berip, jikme-jik maglumatlary bermese-de, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygyny-da habar berdi.
Şol bir wagtda, bu çäräniň dowamynda telekeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme hususy kärhanalaryň öz işlerini togtatmaga mejbur bolandyklary barada hiç zat aýdylmady.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan telekeçiler bir tarapdan ýurtda dollaryň söwdasynyň we onuň bilen bagly bank operasiýalarynyň çäklendirilmegi netijesinde uly zyýana galýandyklaryny aýtsalar; beýleki bir tarapdan hökümetiň salýan goşmaça resmi we nä resmi salgytlarynyň, parahorlugyň özleriniň hususy işlerini ýöretmäge päsgelçilik döredýändigini gürrüň berýärler.
Ýatlatsak, geçen ýylyň sentýabrynda “Aşgabat-2017” oýunlarynyň öňüsyrasynda TSTB-niň agzalaryndan “meýletin gatanç” hökmünde, girdejilerinden döwletiň hasabyna pul geçirmekleri soralypdy.
Galyberse-de, döwletiň öz hasabyna TSTB-a millardlarça dollar karz bermegi, ýurduň ilatynyň azyk harytlaryň dowamly gymmatlamagyndan we gytalmagyndan kösenýän, iş ştatlarynyň köpçülikleýin kemeldilýän döwründe bolup geçýär.
Türkmen resmileri we mediasy adaty ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary dogrusynda dymyp, munuň deregine ýurduň “bedew bady bilen ösýändigini” öňe sürüp, dowamly ösüş sanlaryny getirýärler.
Resmi maglumata görä, häzir ýurtdaky hususy kärhanalaryň umumy sany 18 müňden geçip, olar 150 müňe golaý adamy iş bilen üpjün edýärler.