Lawrow: Hazarýaka döwletleri deňziň statusy boýunça konwensiýa şu ýyl gol çekerler

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça ylalaşygyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriniň Gazagystanda geçiriljek bäşinji sammitinde gol çekiljekdigini aýtdy.

Lawrowyň bellemegine görä, taraplar deňziň statusy boýunça işleriň esasy ugurlaryny ylalaşypdyr. Orsýet, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan konwensiýanyň ähli maddalaryny ylalaşdylar, häzir gatnaşyjy ýurtlaryň dillerindäki tekstleri deňeşdirmek boýunça iş amala aşyrylýar, diýip media serişdeleri Lawrowy sitirleýär.

Hazar deňziniň bölünişigi we statusynyň kesgitlenmegi boýunça mesele 1990-njy ýyllaryň başynda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň netijesinde kenarka dört garaşsyz döwletiň emele gelmeginden soň ýüze çykdy. Ondan öň taraplar Sowet-Soýuzynyň we Eýranyň arasynda 1921 we 1940-njy ýyllarda baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda Hazar deňzinden peýdalanypdy.