Mattis Eýrany Yragyň parlament saýlawlary bilen bagly "galplykda" aýyplady

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Kabula barýan harby uçarynda, 13-nji mart, 2018

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Eýrany Yragyň parlament saýlawlary bilen baglylykda galplykda aýyplady. Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi maýda boljak saýlawlaryň netijesinde öz wezipesinde ýene bir möhlet galmaga çalyşýar.

“Eýran Yrakdaky saýlawlary galplaşdyrmakda Orsýetiň nusgasyna eýerýär” diýip, Mattis Ýakyn Gündogara we Owganystana eden saparyndan soň Waşingtona dolanyp barmagynyň yzýany 15-nji martda žurnalistlere aýtdy.

Mattis bu çykyşynda Orsýetiň ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Meksikanyň we beýleki ýurtlaryň saýlawlaryna goşulyşmagy baradaky çaklamalara yşarat etdi.

“Bizde Eýranyň pul arkaly Yrakdaky saýlawlara täsir ýetirmäge synanyşýandygy barada aladaly subutnamalar bar. Pul dalaşgärlere täsir etmek üçin ulanylýar” diýip, Mattis aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň bu çykyşyna Eýran tarapyndan dessine kommentariý bolmady.

Eýran Yragyň şaýy hökümeti bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar we onuň ýurduň şaýy ilaty bilen berk taryhy hem medeni arabaglanyşygy bar.