Türkiýäniň media serişdelerinde üç türkmen studentiniň bir gazak studenti bilen neşe öndürmekden we satmakdan güman edilip saklanandygy barada berlen habar halk köpçüliginde uly seslenme döretdi.
Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Konýa şäherinde neşä garşy göreş toparynyň bir jaýda gurnan operasiýasynda üç türkmenistanly we bir sany hem gazagystanly student göz astyna alyndy. Şübhelileriň eginbaş saklanýan ýerde gizlinlikde neşe ösdürip ýetişdirip, soň hem onuň söwdasy bilen meşgullanandygy anyklanypdyr.
Türkiýäniň "haberler.com" neşiri hem habarynda, Konýa polisiniň neşä garşy göreş bölüminiň işgärleriniň şäher merkezine degişli Selçuklu etrabynda studentleriň aglaba köpçülikde ýaşaýan Bosna-Herksek mähellesindäki bir öýde neşe söwdasynyň gurnalýandygy barasynda maglumat edinendigini ýazýar.
Neşiriň habaryna görä, polis işgärleri ondan soň güman edilýänleri fiziki ýagdaýda yzarlap, gerek bolan delilleri jemleýär we 12-nji martda agşamara ol öýe operasiýa gurnaýar. Operasiýada Konýadaky Selçuk uniwersitetinde Halkara gatnaşyklar we döwlet dolandyrylyşygy ýaly bölümlerde okaýandygy öňe sürülýän Türkmenistanyň raýaty 24 ýaşyndaky Toýgeldi A., 26 ýaşyndaky Döwran M. bilen Arazgylyç A,. atly studentleri we olaryň gazagystanly ýaranyny tussag edýär.
Polisiň öýde geçiren barlagynda bolsa bir otagda eginbaş saklanýan ýerde gizlinlikde neşe maddasynyň ösdürilip ýetişdirilýändiginiň üstüni açýar. Şol bir wagtyň özünde, satuwa taýýarlanyp, ýörite gaplanyp goýlan 50 gram beň hem tapylýar.
Türk telekanallarynda görkezilen wideo şekillerde bolsa, studentleriň eginbaş saklanýan ýerde ýöriteleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen nädip neşe ösümlügini ösdürip ýetişdirendigi görkezilýär.
Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren Konýadaky bir polis çeşmesi, türkmen studentleri bilen baglanşykly metbugatdaky habaryň dogrudygyny tassyklamak bilen, güman edilýänleriň polisdäki soragda "Neşe ösümligi we beň özümiz üçindi" görnüşinde düşündiriş berendigini aýtdy. Ol, polisdäki soragdan soň 13-nji martda geçirilen kazyýet işinde iki türkmen studentiniň tussaglyga höküm edilendigini, biriniň bolsa ýuridiki ýagdaýy doly seljerilýänçä gözegçilikde saklanmalydygy barada karar çykarylandygyny bildirdi.
Ýatlap geçmeli bolsa, mundan owal 2017-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Stambulyň Fatih etrabynyň Saraç Ishak mähellesiniň Köşkli Hammam Çykmazy diýen ýerindäki myhmanhana gurnalan operasiýada Ý.R. atly türkmenistanly zenan satuwy çykarylmaga taýýar görnüşde köp mukdarda beň, gaty we owradylan görnüşde kokain bilen "Laýn" diýip atlandyrylýan neşe maddasy, 18 sany tüpeň güllesi we neşe satuwynda ulanylýan terezi bilen tussag edilipdi.
Şeýle-de, Stambul polisiniň neşä garşy göreş bölüminiň Zeýtinburnu, Awjylar, Baýrampaşa, Esenýurt, Büýükçekmeje, Fatih we Ataşehir etraplarynda geçiren operasiýalarynda neşe satmakda güman edilýän, 21 sanysy türkmenistanly, jemi 33 adam tussag edilipdi.