Soňky günlerde Türkmenistanda unuň gytalmagy bilen dürli nogsanlyklaryň hem ýüz berýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.
Aşgabadyň “Daşoguz” atlandyrylýan bazaryndaky azyk harytlary dükanynda Türkmenistanda öndürilen birinji sortly unuň 1 kilogramynyň 1 manatdan, onuň golaýyndaky dükanda bolsa edil şeýle unuň 1 kilogramynyň 1 manat 40 teňňeden satylýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.
Şeýle-de, bazarlarda 1 kilogramy 5 manatdan satylýan Gazagystanda öndürildi diýilýän unlaryň hem Türkmenistanda öndürilýän ýokary sortly unlardan bolmagynyň ähtimallygyny hem ýaşaýjylar aradan aýyrmaýarlar.
Öý bikeleriniň aýtmaklaryna görä, Gazagystanda öndürilýän unlar hiç wagt hamyr edilende akman tersine ondaky goşantlaryň hasabyna hamyry ýaýanyňda kyn ýaýylýan ekeni.
Häzirki Gazagystanyň uny diýilýän unlar hamyr edeniňde akýar. Hamyr edilende akmak häsiýetiniň diňe Türkmenistanda öndürilýän unlara mahsusdygy, şeýle-de döwlet tarapyndan telekeçilere girizilen konwertasiýa çäklendirmesiniň netijesinde ozal Gazagystandan un getirýän telekeçileriň işlerini düýpli togtadandyklary hem aýdylýar.
Soňky günler dükanlarda satylýan çörekleriň hiliniň ýaramazlaşýandygyny hem Aşgabatly pensioner Berdi aga aýdýar.
“Buhanka atlandyrylýan çöreklerem, çörek dükanlaryna gelýän tamdyr çöreklerine meňzeş çöreklerem çig diýen ýaly. Olary bir günden artyk saklap bolmaýar. Gyzgynlygy bilen iýdiň iýdigiň. Soňra ol çörekler gatap, agyr hamyr ýaly görnüşe gelýärler. Edil unlara gum goşulýan ýaly, içi galmadyk hamyr ýaly çörekler dükanlara gelýär” diýip, Berdi aga aýdýar.
Onuň aýtmagyna görä, buhanka atlandyrylýan çöregiňem, tamdyr çöregine çalymdaş çörekleriňem döwlet dükanlarynda satylýan ozalky möçberleri kiçeldilipdir.
“Elde satylýan çörekler ak undan bişirilýän çörekler. Olary daşary döwletlerden gelýän unlaryň gymmatlamagy sebäpli bahasyny galdyrmajak bolup, göwrümini kiçeldýärler diýseň, döwlet pekarnýasynda öndürilýän birinji sortly unlardan bişirilýän çörekleriň göwrüminiň kiçeldilmegine näme diýip näme aýtjak” diýip, Berdi aga nygtaýar.
Şeýle-de, bulka we süýjüli tortlaryň, garaz un bilen bagly islendik konditer önümleriniň hem bahalarynyň aşa ýokarlanýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.
Döwlete degişli dükanlarda ozal 50 teňňe bolan bulka önümleriniň şu gün 1 manat 50 teňňä durýandygyny, onuň hem agzyňa salanyňda ozalky tagamyny hem bermeýändigini, bulka önümlerine goşulýan goşantlaryň hem kemeldilýändigini ýaşaýjylardan eşitse bolýar.