Kiprde ogurlykda aýyplanýan türkmen migranty sud edilýär

Demirgazyk Kipr

Kipriň demirgazygyndaky Nikosiýa sebitinde bir gijede 2 sany dükany talamakda güman edilýän türkmenistanly migrant Ruslan Hatamow howpsuzlyk kameralarynyň surata düşüren wideo şekilleriniň kömegi bilen göz astyna alnyp, soň sud edildi.

Читайте также на русском

Anonim ýagdaýda munuň bilen baglanşykly Azatlyk Radiosyna maglumat beren polis çeşmesi, ogurlukda aýyplanýan türkmen migrantyň kazyýet işine 9-nji martda garalandygyny we onuň tussaglyga höküm edilendigini habar bermek bilen, habar beriş serişdelerinde ýaýran maglumatlaryň hem dogrudygyny tassyklady. Polisiýa çeşmesi Ruslan Hatamowyň işsiz hem wizasyz bikanun ýagdaýda bolandygyny hem sözüne goşdy.

Beýleki tarapdan "Kipr habar gullugynyň" berýän maglumatyna görä, sud işine şaýat hökmünde gatnaşan polisiýa işgäri Ibrahim Toz türkmenistan migrant Ruslan Hatamowyň 7-nji martda gije sagat 01.30 töwereginde Nikosiýadaky "JUMBO Super Store" atly dükanyň arka tarapyndaky gapynyň aýnasyny armatura bilen döwüp içeri girendigini, onsoň onuň dükandan dürli görnüşdäki 143 guty çilim, "CNR" kysymly kassa we 3 sany arkada göterilýän sumkany ogurlandygyny bildiripdir.

Polisiýa türkmenistanly migrantyň ondan soň ýene Nikosiýada ýerleşýän "Çelik 1" atly başga marketiň piwo saklanýan ýeriniň gulpuny döwüp, ol ýerden 5 sany "Efes Extra" kysymly piwo ogurlandygyny kazyýete gürrüň beripdir.

Polisiýa işgäri Ibrahim Toz kazyýete ogurlyk bolandygy barasynda habar berlenden soň gümän edilýäniň howpsuzlyk kameralarynyň surata düşüren wideo şekillerinden kesgitlenmegi netijesinde ele salynandygyny aýdypdyr.

Polisiýa edilen ogurlyklar bilen baglanşykly derňew işleri doly tamamlanýança güman edilýän türkmenistanly Ruslan Hatamowyň tussaglykda saklanmagyny sülçüden haýyş edipdir.

Sud işine garan baş sülçi Tajan Reýnar hem derňew işleri tamamlanyp, ahyrky höküm çykarylýança onuň tussaglykda saklanmagyny karar edipdir.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu Kipriň demirgazygynda türkmenistanly migrantlardan güman edilýän ilkinji oguryk wakasy däl. "Hawadis Kybrys" gazetiniň habar bermegine görä, 17 ýaşyndaky Alişer Eýmirow diňe geçen ýylyň dowamynda ençeme gezek ogurlyga gatnaşypdyr.

Gazet Kipriň demirgazygynda Nokisiýadaky merkezi tussaghanada saklanýan we 7-nji fewralda ýarany Süleýman Ýylkar bilen ol ýerden gaçan Alişer Eýmirowyň 12-nji fewralda adanyň günortasynda Larnakada polis tarapyndan göz astyna alnandygyny ýazypdy.

Belläp geçsek, Demirgazyk Kipr türk respublikasy Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşygy bolmansoň, türkmen migrantlarynyň köne türkmen pasporty bilen ýaşaýyş ýa-da zähmet rugsadyny alyp, ýurtda galmagyny kabul edýär. Türkiýede köne pasportly bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantlaryň käbiri hem bu sebäpden Demirgazyk Kipire ýykgyn edýär.