Türkmen prezidenti Kuweýte, Birleşen Arap Emirliklerine sapar eder

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

13-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt döwletine resmi sapary başlanar. Sapar tamamlansoň, türkmen lideri Birleşen Arap Emirliklerine barar, diýip Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow 9-njy martda geçiren hökümet maslahatynda agzalýan saparyň maksatnamalary barada ýurduň daşary işler ministriniň beren hasabatyny diňläp, “Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan saparlara taýýarlyk görmek” boýunça degişli tabşyryklary beripdir.

Türkmen metbugatynda prezident Berdimuhamedowyň Kuweýt we BAE bilen ýola goýlan gatnaşyklardan kanagatlanýandygyny, onuň iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklary ösdürmegi, maýa goýum işini işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny aýdandygy bellenýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan synçylar garaşsyz ýurduň taryhynda iň agyr ykdysady kynçylygy başdan geçirýändigini aýdýar. Şeýle ýagdaýlaryň fonunda, Türkmenistanyň soňky döwürde daşary ýurtlar bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny has-da berkitmek boýunça tagalla edýändigine güwä geçýän täzelikler bolup geçýär.

Ykdysady kynçylyklar we arap işewürleriniň türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmek

Türkmen metbugatyndaky habaryň mazmunynda, “Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistana yzygiderli saparlary geljegi uly türkmen bazarynda arap işewürleriniň ornuny giňeltmäge gyzyklanmanyň artýandygyny tassyklaýar” diýilýär. Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki mediada Prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin has oňaýly maýa goýum ýagdaýyny” döredendigi aýdylýar.

Ýöne, golaýda, has takygy 19-njy fewral – 6-njy mart aralygynda Aşgabada sapar eden Halkara walýuta fondunyň işgärler toparynyň 9-njy martda ýaýradan beýanatynda Türkmenistana daşary ýurtdan maýadar çekmek maslahat berildi. Şeýle-de onda, ýurtda ykdysady ösüşi güýçlendirmek üçin syýasy sazlamalaryň depgini we düzümi boýunça çäreleriň meýilleşdirilmelidigi nygtalyp geçildi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda barha ýitileşýändigi aýdylýan maliýe serişdeleriniň gytçylygynda ýurduň wekilçilikli topary HWF-nyň Waşingtondaky edarasyna soňky sanlyja aýyň dowamynda saparlary gurnap, halkara pul gaznasyndan kredit almaga-da synanyşdy. Bu barada Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmesi habar berdi:

“Geçen dekabr aýyndan bäri türkmenleriň delegasiýasy HFW-nyň wekilleri bilen duşuşmak üçin Waşingtona iki gezek dagy sapar etdi. Birinjisinde milliardlarça dollar karz pul soradylar. Şonda delegasiýadakylaryň özlerem munuň başa barmajagyny bilýärdiler. Ikinji saparda 10 milliarda golaý karz soradylar. Heniz netije ýok” diýip, çeşme Azatlyk Radiosyna atlandyrylmazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

“HWF kredit bermek üçin Türkmenistanda berk ykdysady çäreleriň görülmegini talap edýär, aýratynda-da hökümetiň üpjün edýän ýeňillikleri bilen bagly reformalaryň durmuşa geçirilmegini talap edýär. Türkmenistanda benziniň gymmatlajagy hem şol sebäpden” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Görnüşinden, agzalýan arap ýurtlaryna ediljek saparda-da türkmen tarapy beýleki ugurlar bilen bir hatarda, esasan ýurda işewür çekmegiň aladasyny edýär.

Merkezi Aziýanyň liderleriniň sammiti we onda Türkmenistanyň orny

Beýleki bir tarapdan, Prezidentiň Ýakyn Gündogara gyzyklanma bildirýändigi barada ýokarda edýän çykyşynyň gabadynda Türkmenistanyň ýerleşýän regiony bolan Merkezi Aziýa sebitinde-de dört ýurduň, ýagny Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda martyň ortasynda Astanada geçiriljek beýleki bir seýrek duşuşyga taýýarlyk görülýär.

Ýöne bu duşuşyga “ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda” Türkmenistanyň adyndan ýurduň mejlisiniň başlygynyň baştutanlygyndaky wekilçilikli topar gatnaşýar.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň liderleriniň duşuşygyna däl-de, Ýakyn Gündogara ýanaşýandygy baradaky peýda bolýan habarlar dogrusynda Northeastern uniwersitetiniň professory, ozalky gyrgyz kanun çykaryjysy Bakyt Beşimow öz pikirlerini aýtdy. Ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň sammiti bilen däl-de, edil şu wagt Ýakyn Gündogar bilen gyzyklanýandygyna özüniň geň galmandygyny, Türkmenistanyň täze ykdysady reallyga görä hereket edýändigini aýtdy.

“Men Türkmenistanyň ikinji prezidentiniň-de Merkezi Aziýadan çetde durmaga çalyşýandygyna geň galmadym. Birinjilik bilen, bu Merkezi Aziýa diýilýän mental (hyýaly) karta Bolşewikler tarapyndan emeli oýlanyp tapylan [giňişlikdir]. Bugünki gün Merkezi Aziýa ser salanymyzda, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan ýa-da Täjigistan Türkmenistanyň söwda gatnaşyklarynda hiç hili rol oýnamaýar. Meniň pikirimçe, türkmen prezidenti täze bir ykdysady giňişligiň reallygyny ykrar edýär, şol sebäpden Türkmenistan Ýakyn Gündogara, Günorta Aziýada ýerleşýän ýurtlara, Eýrana we ş.m-lere ýantaşýar. Şeýdibem Merkezi Aziýanyň meselelerinden çetde galýar” diýip, professor belledi.