Türkmen türmelerinde ýitenleriň hatarynda agzalýanlardan ýene-de biri betnam Owadandepe türmesinde aradan çykdy. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri öz çeşmelerine sagylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň öňki Milli howpsuzlyk komitetiniň Derňew bölüminiň başlygy Begmyrat Otuzow fewralyň başynda aradan çykdy. Merhumyň jansyz bedeni onuň garyndaşlaryna berildi we “Hronika Türkmenistanyň” çeşmeleriniň maglumatyna görä, onuň bedeni 45 kilogram gelipdir.
Neşir Otuzowyň 2002-nji ýylda 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini ýatlaýar.
Şeýle-de “Hronika Türkmenistanyň” habarynda “Olary diri görkeziň!” atly adam hukuklary boýunça halkara kampaniýanyň maglumatlaryna salgylanylyp, Otuzow Begmyrat Saparbaýewiçiň Daşoguz welaýatynda doglandygy aýdylýar. Ol 90-njy ýyllaryň ortalarynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Derňew bölüminiň başlygynyň orunbasary, takmynan 1997-nji ýyldan başlap Milli howpsuzlyk komitetiniň Derňew bölüminiň başlygy bolup işleýär. Otuzowyň harby çini polkownik bolup, ol 2001-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň baş prokurorynyň birinji orunbasary wezipesine bellenýär. 2001-nji ýylyň 9-njy iýulynda Lebap welaýatynyň häkiminiň birinji orunbasary, Lebap welaýatynyň harby we kanun goraýjy edaralarynyň kordinasiýa geňeşiniň başlygy wezipelerinde işleýär. 2002-nji ýylyň 2-nji aprelinde Otuzow Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetinde işlän döwründe işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin işden boşadylýar, harby çini we döwlet sylaglary yzyna alynýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri şu wagta çenli 15 ýyl gowrak mundan öň, 2002-nji ýylda bolan hadysalar bilen bagly tussag edilen onlarça raýatyň saklanylýan ýerleri we ykballary barada maglumat bermeýär, halkara guramalary olary zorlukly ýitirim edilmegiň pidalary hasaplaýar.
Geçen aýyň aýagynda Azatlygyň çeşmesi dereksiz ýitenleriň sanawynda agzalýan ýene-de bir tussagyň ykbaly barada maglumat berdi. Çeşme 2016-njy ýylyň awgust aýynda Garabogaz şäherinde (öňki Bekdaş) Konstantin Şyhmyradowyň hut özüni görendigini, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp ömürlik tussag edilen Türkmenistanyň ozalky wise-premýeri Boris Şyhmyradowyň inisi Konstantin Şyhmyradowyň öz sözlerine görä onuň ol ýerde sürgünlikde ýaşaýandygyny habar berdi.
Azatlygyň türkmen hökümetindäki bir çeşmesi Konstantin Şyhmyradowyň ýa-da 2002-nji ýylyň noýabr wakalary bilen ilteşikli tussag edilen islendik adamyň Owadandepäniň AN-T/2 jeza koloniýasyndan daşarda bolmak ähtimallygyna şübheli garaýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol, betnam Owadandepäniň ýapyk bölüminde bary-ýogy sanagly adamyň galandygyny habar berdi.
“Olaryň ählisi Owadandepäniň 2-nji blogunda saklanýar. Ýogsa-da, ol ýerde saklanýan 40-dan gowrak adamyň sany şunça ýylyň dowamynda 10-danam azaldy. Men şu wagta çenli ol ýerden biri diri çykypdyr diýip eşitmedim. Olaryň ykbalyny diňe “iň uly” (prezident Berdimuhamedowy göz öňünde tutýar – Red.) çözüp bilýär. Eger-de ony (K. Şyhmyradowy) gören bolsalar (gaýtalaýaryn, munuň şeýle bolmak ähtimallygy gaty pes) bu diýmeklik “iň ulynyň” rehimlilik tutgaýynyň tutandygyny alamatlandyrýar. Munuň hem şeýle bolmak ähtimallygy tas nola deň” diýip, anonim şertinde çykyş eden türkmenistanly resmi nygtady.
“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy we Konstantin Şyhmyradowyň garyndaşlary onuň Garabogazda sürgünlikde bolmak ähtimallygy barada peýda bolan maglumatlary ret edýärler.
“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň 23-nji fewralda täzelenen sanawynda Konstantin Şyhmyradowyň ady Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň arasynda getirilýär. Sanawda, hukuk goraýjylaryň sözlerine görä, zorlukly ýitirim edilenleriň 113-siniň ady getirilýär, olaryň hakyky sanynyň iki esse kän bolmagy-da mümkin.
2016-njy ýyldan soňky döwürde zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň sanawyndaky adamlaryň birnäçesiniň ykbaly belli boldy, olaryň jesetleri garyndaşlaryna jaýlamak üçin berildi.
2017-nji ýylyň ýanwarynda Serhet gullugynyň ozalky başlygy Tirkiş Tyrmyýewiň jesedi garyndaşlaryna berildi. Tyrmyýew hem edil Otuzow ýaly 2002-nji ýylyň aprelinde işden boşadylyp harby çinlerden mahrum edilipdi.
Şeýle-de 2016-njy ýylyň iýulynda we awgustynda türmede arada çykan ozalky türkmen çinownikleriniň ikisiniň, ýagny Annadurdy Annasähedowyň we Wekil Durdyýewiň jesetleriniň garyndaşlaryna berlendigi mälim boldy.