Hormatly ministrler, Prokurorlar, Gözegçilik edaralary!
Halkyñ hal ýagdaýyny siz has gowy bilýärsiñiz.
Prezidentiñ bilmeýänligi ýa-da bilýänligi gaty möhüm däl. Sebäbi 98% (!) ses aldym halkdan diýip gelen adamdan üytgeşik zada (pikup sürüp, aýdim aýdyp, ok atyp, kitap ýazyp, tigir sürüp ýormekden başga) garaşamok.
Size aýtjak zadym bar. Düşünýän siziñ hem maşgalanyz, çagalaryñyz bardyr. Diktatordan hemmäñiz gorkýansyñyz. Ýöne esasy hakykaty sizem bilýäñiz. Şol adam sesleri ogurlap gelenini, wezipesinde oturmaga laýyk däldigini, bolgusyz harajatlary edip milli hazynamyzy boşadanyny, entegem şeytmäge dowam edýänini sizem güniñ ýagtysy ýaly bilýäñiz. Bilmezlige salyp häzirki halky has hem köseýaniñizi bilýäñizmi?
Öz şahsy bähbitleriñiz ugruna 5 mln halkyñ nahili ýagdaya düşenini bilýäñizmi? Halk öz ýurdunda zerur bolan azyk önumlerini tapjak bolup sergezdan, yaşlary eklenjek bolup daşary döwletlerde sergezdan. Hany siziñ wyjdanyñyz nirede? Halky şu derejä getirenler, bir gün halkyñ öñünde Prezident bilen deñ derejede jogapkärlige çekilerler.
Eger halk öz isleglerini kanagatlandyrmagyny isläp köçä çykanda siziñ haýsy tarapda durjagyñyzy bilesim gelýär. Ýada şeýle gelipdir, şeýlede gider diýersiñizmi? 5mln 1 den ulydygyny ýatdan çykarmañ. Halkyñ elinde ne pul galdy, ne de pulyna alara haryt. Ýagty gelejek has ýakyndyr. Elbetde sabyryñam çägi bardyr. Äga boluñ sizem! Halk hereketi sizi hem synaga salar! Durjak ýeriñizi öñünden belli ediñ, ýogsam soñ giç bolar!
Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.