Türmeden gaçan gazak biznesmeni gaýtadan tussag edildi

Murathan Tokmadi

Gazagystanyň häkimiýetleri syýasy aýyplamalarda türmä basylan gazak biznesmeniniň birnäçe sagatlyk tussaghanadan gaçandygyny, ýöne soňra onuň gaýtadan ele salnandygyny aýdýarlar.

8-nji martda Murathan Tokmadi Taraz şäherindäki keselhanadan gaçdy, ýöne aradan birnäçe sagat geçensoň, gaýtadan tussag edildi diýip, 9-njy martda Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti aýtdy.

Geçen ýylyň iýun aýynda Tokmadi bir zady gorkuzyp almakda we ot açýan ýaraglary saklamakda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Mundan aýrybaşga täze sud diňlenişiginde Tokmadi 2004-nji ýylda bankir Eržan Tatişewi öldürendigini boýun aldy hem-de muny gaçgaklykdaky tüçjar we gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň esasy garşydaşy Muhtar Ablýazowyň islegi esasynda amala aşyrandygyny aýtdy.