Daşary ýurtdaky türkmenistanly VISA kart ulanyjylarynyň pullaryny nagtlaşdyrmakda täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy, şeýle-de bu kartlar bilen baglylykda türkmen talyplarynyň her dürli hilegärliklere baş goşup başlandyklary dogrusynda maglumatlar gowuşýar.
Ýakynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan bir türkmenistanly daşary ýurtda özüniň VISA kartyndaky pullaryndan hiç hili peýdalanyp bilmändigini, ýurda gelende kartynyň asla-da bank tarapyndan petiklenendigini bilip galandygyny gürrüň berdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň ýurtda dollaryň satuwyny we daşary ýurda ugradylmagyny çäklendireninden soň, VISA kartlary ýurduň daşyndaky türkmenistanlylaryň daşary ýurt walýutasyndan peýdalanmagynyň ýeke-täk ýoly bolup galdy. Resmiler kartlardan gündelik nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini 50 dollar, nagtsyz hasaplaşygyň möçberini bolsa 200 dollar çäginde kesgitläpdiler.
“Daşary ýurda çykanymda [VISA] kartymdaky 4 müňe golaý manatdan bir manadam ulanyp bilmedim. Türkmenistana gelenimde ýerli bankomatlardan hem pullary nagtlaşdyryp bilmedim. Wneşekonoma [Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky – red.] baranymda kartymyň petiklenendigini aýtdylar” diýip, özüni Gülruh diýip tanyşdyran bir gelin gürrüň berdi.
Gülruhuň aýtmagyna görä, 1-nji martdan başlap bank kimiň kart hasabynda 2 müň ýa-da ondan hem köp manady bolan bolsa, olaryň kartlaryny petikläpdir.
“Kartyňy açdyrmak üçin Wneşekonoma özüň baryp, biometrik pasportyňy görkezip, hakykatdan hem daşary ýurda çykandygyňy subut etmeli. Şeýle-de, daşary ýurtda bolan mahalyň eden söwda-satygyň bilen ilteşikli ähli kwitansiýalary görkezmeli” diýip, Gülruh aýtdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky bilen habarlaşyp ýokarky beýan edilen ýagdaýlary ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi. Bank resmileri, umuman, nähilidir bir kommentariý bermekden saklandylar.
Bu aralykda, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň VISA kartlaryndan puly nagtlaşdyrmak düzgünleri dogrusynda-da goşmaça maglumatlar gowuşdy. Ýagny, eger-de kartdaky pullar aýyň 10-na çenli nagtlaşdyrylan bolsa, onda indiki aý hem maliýe serişdelerini diňe 10-dan soň alyp bolýar.
Mundanam başga, daşary ýurtdaky bankomatlardan pullar nagtlaşdyrylan wagty tutulýan komissiýanyň möçberini azaltmak üçin, türkmen talyplary ýerli dükan eýeleri bilen özara ylalaşyp, galp söwdany gurnaýarlar.
“Moskwada bankomatlarda nagtlaşdyran her 1 müň rubluň üçin 240 rubl komissiýa tutulýar. Biz dükan eýeleri bilen ylalaşyp, hamana bir harydy satyn alan kişi bolup, ony bank kartlarymyz bilen töleýäris. Olar hem bize nagt pul berýärler. Her 1 müň rubl üçin, dükan eýesine 100 rubl berýäris” diýip, Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmen talyby gürrüň berdi.
Galyberse-de, käbir türkmen talyplarynyň bu amaly hilegärlik bilen ulanyp, adamlary aldawa düşürýändikleri barada hem maglumatlar bar.
Rus sosial ulgamlarynda barha ýaýraýan habarlardan çen tutulsa, onda türkmen talyplary dükanlardaky alyjylaryň ýanyna baryp, olaryň satyn alan harytlaryny öz kartlary bilen tölemegi, nagt pullary bolsa özleriniň ellerine bermeklerini teklip edýärler; munuň yzy bilen bolsa, tölegi eden alyja başga biri gelip, ‘Sen meniň kartymdan pul çekipsiň. Meniň kartym ogurlandy. Ýa pul töle, ýa-da polisiýany çagyrjak’ diýip, pul talap edip başlapdyrlar.
Türkmenistanlylaryň VISA töleg kartlary bilen baglanyşykly kynçylyklary indi köp wagtdan bäri dowam etse-de, türkmen häkimiýetleri bu barada häzire çenli resmi düşündiriş bilen çykyş etmän gelýärler