Stambul: Ogurlykda aýyplanýan türkmenistanly migrant jübüde 5 ýyl kesildi

Istanbul şäheri

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bir tarapdan ogurlykda saklanýan türkmen migrantlary barasynda maglumatlar berilýärkä, beýleki tarapdan olaryň kazyýet işleriniň netijeleri hem halk köpçüligine ýetirilýär.

Türkiýäniň tanymal şahsyýetlerinden Ferýal Gülmanyň gymmatbaha şay-sepleri we goş-golamlary geçen ýylyň mart aýynda onuň öýünde işleýän türkmenistanly är-aýal tarapyndan ogurlanypdy.

Stambulyň Asliýe jeza kazyýeti geçen hepde ogurlykda aýyplanýan türkmenistanly migrantlaryň, ýagny är-aýalyň her biriniň 5 ýyl azatlykdan mahrum edilmegi barada karar çykardy.

Türkiýäniň "Sabah" gazetinde çap edilen habara görä, waka geçen ýylyň 11-nji martynda bolupdy. Türkiýäniň tanymal şahsyýetlerinden Ferýal Gülman Stambulyň Bebek diýen ýerindäki öýüne hojalyk işleri üçin 1-nji martda türkmenistanly är-aýaly işe alýar.

Türkmen är-aýal zähmet migrantlary işe başlanyndan soň hojaýynynyň gymmatbaha zatlaryny saklaýan kassasynyň nähili açylýandygyny öwrenip, ol öýde ýok mahaly baryny ogurlap gaçýarlar. Ýagdaýy öwrenen olaryň hojaýyny Ferýal Gülman onsoň polise habar berýär.

Waka barada gözläp-agtaryş işi dowam edýärkä, Stambul polisiniň jemgyýetçilik düzgüne seredýän işgärleri halkara ady bilen "Grand Bazar" ýagny türkçe ady bilen bolsa "Kapalyçarşy" diýen gadymy ýapyk söwda merkezinde Türkmenistanyň raýatlary Z.T. atly 29 ýaşyndaky erkek adam bilen 21 ýaşyndaky E.K. atly zenanyň özlerini alyp barşyndan şübhelenip, olaryň sumkasyny barlaýar.

Şonda olaryň sumkasyndan golaýda ogurlanandygy aýdylýan gymmaty 1 million dollardan gowrak şaý-sepler we beýleki gymmatbaha zatlar tapylýar. Ondan soň Stambulyň sülçüligi türkmen är-aýal zähmet migrantlary barasynda "bilkastlaýyn ogurlyk etmek" boýunça jenaýat işini gozgaýar.

Geçen hepdä çenli dowam eden kazyýet işinde berlen höküme görä, türkmen zähmet migrantlaryna ilki başda 6 ýyl kesilýär. Ondan soň "türkmen är-aýal migrantlar özüni gowy alyp barany üçin" diýlip, olaryň jeza möhleti 5 ýyla azaldylýar.

Gepiň gerdişine görä aýdylanda, bu Türkiýede hojalyklarda işleýän türkmen zähmet migrantlarynyň şeýle uly möçberde eden ilkinji ogurlygy däl.

Şu ýylyň 17-nji fewralynda Stambulda Leýla Ç. atly zenanyň gymmaty 900 müň dollardan gowrak şaý-sepleri onuň hojalygynda işleýän 4 sany türkmenistanly migrant bilen owal işläp giden Narjemal B. atly zähmet migranty tarapyndan ogurlanypdy. Stambulyň Şişli etrap polisi tarapyndan geçirilen operasiýada saklanan ol türkmen migrantlary soň Çaglaýandaky Stambul kazyýetine tabşyrylypdy.

Belläp geçsek, Türkiýäniň migrasiýa gullugy bilen Stambuldaky türk hukuk geňeşdarlygy firmalarynyň Azatlyk Radiosyna berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, bu ýurtdaky türkmen zähmet migrantlarynyň aglaba bölegi hojalyklarda işleýärler we olaryň hem esasy köpçüligi köne pasportly, ýagny wizasyz bikanun ýagdaýda.

Sözi jemläp aýtsak ogurlykdan saklanýan ýa-da azatlykdan mahrum edilýän türkmen zähmet migrantlarynyň ykballary barasynda degişli türk we türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.