Azatlygyň habaryndan soň Lebapda mekdep ýolbaşçylaryndan näçe pul alandygy soraldy

Türkmenistanda döwlet işgärleriniň edaranyň daşynda geçirýän ýygnaklarynyň biri. Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistandan gowuşýan maglumatlarda Lebap welaýatyndaky mekdeplerde “baharyň gelmegi bilen ýaýbaňlanjak çäreler üçin” diýlip öňünden käbir tehniki işgärleriň aýlyklaryndan mejbury ýagdaýda 30-35 manat möçberinde pul tutulmaga başlanandygy bildirilipdi.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna maglumat beren Lebap welaýatynyň käbir etraplaryndaky mekdeplerde işleýänleriň aýtmagyna görä, şeýle maglumat 20-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň “Habarlar gündeliginde” halk köpçüligine ýetirilen güniniň ertiri, Lebap welaýat häkimliginiň bilim baradaky ýolbaşçylarynyň görkezmesi boýunça ähli mekdepleriň müdirleri we olaryň orunbasarlary gijäň ýarymynda ýörite ýygnaga çagyrylypdyr.

Welaýat häkimliginiň bilim bölüminde geçirilen ýygnaga etraplaryň bilim bölümleriniň ýolbaşçylary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri we howpsuzluk gullugynyň işgärleri hem gatnaşypdyr. Ýygnakda mekdep müdirlerinden we olaryň orunbasarlaryndan “çäreler üçin” diýlip kimden näçe möçberde pul alandygy soralypdyr. Ýöne olaryň hiç biri bu sowala jogap bermändir.

Welaýatyň bilim bölüminiň ýolbaşçylary ýygnakda mekdep müdirlerine we olaryň orunbasarlaryna: “Käbir mekdeplerde tehniki işgärleriň aýlygyndan çäreler üçin pul tutulýandygy barada Azatlyk Radiosynda çykan maglumatyň yzyny derňemek üçin sizi ýygnaga çagyrdyk. Näme üçin öz içerki meseläňizi öz araňyzda çözmän ony Azatlyk Radiosynyň üsti bilen halkara metbugata çykarýaňyz? Mekdeplerdäki işgärler näme üçin arz-şikaýatlaryny size hem bize däl-de, başga adamlara aýdýarlar we soň bu maglumatlar Azatlykda çykýar? Şeýle maglumatlary daşary ýurtlara kimiň ýetirýäninden habaryňyz ýokmy? Mekdeplerde öz işgärleriňiziň düzgün-tertibine seredip bileňizokmy?” diýen sözler aýdylypdyr.

Şol ýygnaga gatnaşan käbir mekdep ýolbaşçylarynyň anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, ýygnakda hukuk goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk gullugynyň jogapkär işgärleri bolany üçin mekdepleriň ýolbaşçylary hiç hili gepläp bilmändirler.

Olar: “Azatlykda çykan habaryň ertiri şeýle ýygnagyň geçirilmegi aýlyklaryndan çäreler üçin pul tutulýanlary begendirdi we olar indi çäreler üçin pul talap edilmezligine garaşýarlar. Ýöne indi çäreler üçin owaldan dowam edip gelýän pul talap etmek düzgüniniň dowam etdirilip, etdirilmeli däldigi barasynda bolsa ýygnakda ýolbaşçylar hiç zat aýtmady. Ýolbaşçylar diňe Azatlykda çykan habaryň yzynyň derňelýändigini aýtmak bilen ýetindiler” diýip, sözleriniň üstüne goşýar.

Ýatlap geçsek, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky käbir mekdepleriň işgärleri “geljek aý etraplardaky bilim edaralarynda başlajak çäreler üçin” diýen görnüşde mejbury ýagdaýda işgärleriň aýyklaryndan 30-35 manat möçberinde pul tutulýandygyny bildiripdi. Şonda mekdepleriň ýolbaşçylary olara diňe bu aý däl, eýsem mundan beýläk yzygiderli ýagdaýda geçiriljek çäreler üçin aýlyklardan şeýle puly her kimiň bermäge mejburdygyny aýdypdyrlar.

Sözi jemläp aýtmaly bolsa, Çärjew etrabyndaky käbir mekdeplerde tehniki işgärleriň aýlyklaryndan “çäreler üçin” diýlip, 30-35 manat möçberinde pul tutulmagy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna gurnan saparynyň öňüsyrasyna gabat gelipdi.