Türkmenistanda ýerli we halkara uçar biletleri gymmatlar diýilýär, resmi bildiriş ýok

Aşgabatda uçar biletleriniň satylýan agentligi

Aşgabatda Türkmenistanyň milli howaýoly gullugy ýakyn wagtda käbir halkara reýsleriniň bahalaryny ýokarlandyrýar diýen gürrüňler bar, diýip Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy habar berýär. Azatlygyň beýleki bir paýtagtly gürrüňdeşi bu barada heniz resmi görkezmäniň ýa-da bildirişiň ýokdugyny nygtaýar.

“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy 5-nji martdan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça gatnawy amala aşyrýan reýsiň biledini 1 müň 500 manatdan 2 esse göterip 3 müň manada, Aşgabat Stambul aralygyna gatnaýan reýsiň ikitarapynyň bahasyny bolsa 2 müň 300 manatdan 3 müň manada çykarýandygy barada Azatlyk Radiosynyň aşgabatly korrespondenti awiakompaniýadaky ynamdar çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Azatlyk Radiosy awiabiletleriň bahalary barada has anyk maglumat almak üçin, ýurduň içindäki täze tendensiýalary ýakyndan yzarlaýan aşgabadyň ýaşaýjysy Amanmyrat Bugaýew bilen habarlaşanda, ol hem bu gürrüňleri tassyklap, “Türkmenhowaýollaryna” degişli ýerli reýsleriň bahalarynyň 25 %, halkara reýsleriň bahalarynyň bolsa 35-40% gymmatlajakdygy barada maglumat berdi, ýöne edil häzirki wagtda bahalaryň öňküliginde galýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Ýaňy iş çalşygynyň başlygy bilen gepleşdim, ol ‘bahalar galanok, öňki-öňkülik’ diýdi. Men bir-iki adam bilet alýança garaşdym. Türkmenbaşa ozal bir tarapyna bilediň bahasy 96 manatdy. Şol 96 manatlygynda saklanypdyr. Türkmenabada 85 manat bolany hem şondan ekeni, ýöne aeroportuň öz işgärleriniň aýtmagyna görä, bahalar galýar diýen gürrüňler bar”, diýip Bugaýew belledi.

Aeroportuň işgärleriniň bahalaryň 1-nji martdan başlap galjakdygy barada aýdan maglumatlaryna salgylanyp, aşgabatly synçy gürrüňe şeýle dowam etdi.

“Ýerli reýsler 1-nji martdan galmaly diýipdirler, ýöne nämeüçindir yza çekilenini bilenoklar. Ýerli reýsler 25%, daşary ýurtlara gatnaýan reýsler 35-40% gymmatlajakmyşyn. Bahalar edil şu gün galmandyr, ýöne galjakdygy hakynda tutuş aeroportuň öz işgärleri hem gürrüň edýärler” diýip, Bugaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň “Türkmenhowaýollary” gullugyndan agzalýan gürrüňler barada telefon arkaly maglumat almak synanyşyklary başa barmady. Gullugyň telefon belgileriniň ählisinde diýen ýaly tehniki näsazlyga çalym edýän, ýöne şol bir wagtyň özünde adamlaryň gullukdan bu meseleler boýunça maglumat almak mümkinçiligini çäklendirip biljek ýagdaýlar sebäpli “Türkmenhowaýollary” bilen aragatnaşyga geçip bolmady.

Amanmyrat Bugaýew degişli gullugyň telefon belgileri bilen bagly dörän ýagdaý barada-da agzap, şeýle diýdi:

“[Telefonlaryň] hemmesini ýapyp goýupdyrlar. Men olara “näme üçin olary ýapyp goýýarsyňyz?” diýip sorasam, “açylar” diýýärler... Diýmek, [hamana] adamlar jaň etmesin diýip, adamlara bilet boýunça şojagaz ýeňilligi hem döredenoklar” diýip, Bugaýew belledi.

Sözümiziň başyndaky, biletleriň bahalary barada täzeligi ýetiren habarçymyz Stambula gatnaýan reýsleriň biletlerini öňünden almak üçin Türkmenabadyň awiabilet satýan kassalarynda uzyn nobatlaryň döreýändigini habar berýär.

Şeýle-de ol Stambula gidýän ýolagçylaryň köpçülikleýin uçarlara goýberilmeýän halatlarynyň bolýandygyny. Bir reýsiň özünde 20-30-a golaý adamyň uçara goýberilmäni bilýändigini belledi.

“Bu ýagdaý öňünden bilet satyn almazdan, halka arasynda “do-sadka çykmak” diýilýän usul bilen, ýagny uçarda mümkin bolan boş orunlary aeroportda satyn almak maksady bilen howa menziline barýan ýolagçylarda umyt döredýär, adamlar uçara goýberilmedikleriň ornuna uçara münmek üçin aeroportda sanawa ýazylýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berdi.

“Reýsden 20 adam uçara goýberilmedik bolsa, şolaryň ýerine uçara münjek bolup nobata ýazylýanlaryň arasyndan gaty gitse 5 adama bilet satylýar” diýip, habarçymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan synçylar soňky bolýan özgerişlere salgylanyp, Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlara çykmagyna çäklendirme girizmäge synanyşýana çalym edýändigini belleýärler. Meselem, golaýda peýda bolan maglumatlarda türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň daşary ýurda çykmagyna we ol ýerde galmagyna mümkinçilik berýän biometriki maglumatly, ilat arasynda ‘zagran’ diýlip atlandyrylýan pasportlarynyň möhletini 1 ýyla çenli çäklendirmegi göz öňünde tutýandygy aýdyldy.

Ýatladyp geçsek, “Türkmenhowaýollarynda” Aşgabat – Stambul aralygyna gatnaýan reýsiň iki taraply gatnawynyň tölegi 2015-nji ýylda-da tas 25 % gymmatlap, onuň bahasy şonda 1 müň 230 manatdan 1 müň 500 manada ýetirilipdi.