Sakar etrabynda martda köpçülikleýin işden çykarmalaryň boljakdygy aýdylýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna gurnan saparynyň öňüsyrasynda, Sakar etrabyndaky döwlet edaralarynda işleýän býujet işgärlerine mart aýnynda köpçülikleýin işden çykarmalaryň boljagy barasynda duýduryş berlendigi, käbirleriniň bolsa işden çykarylandygy we muňa nägilelik bildirýänleriň hem prezidentiň sapary mahalynda durnuksyzlyk döretmeginden howatyrlanyp howpsuzlyk gullugy tarapyndan ýörite gözegçilik astyna alynandygy öňe sürülýär.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna bu ugurda maglumat beren Sakar şäherçesindäki käbir döwlet işgärleriniň aýtmagyna görä, etrapdaky saglyk pudagynyň işgärlerine eýýäm köpçülikleýin işden çykarmalar barasynda basyşlar edilmäge başlanypdyr. Bu habary alan käbir býujet işgärleri has jikme-jik maglumat almak we bolup biläýjek şeýle ýagdaýa öz nägileligini öňünden bildirmek üçin Sakar şäherçesiniň häkimligine ýüz tutupdyr.

Etrapdaky resmiler bolsa olara bu habaryň dogrydygyny tassyklamak bilen bir hatarda: “Döwletden aýlyk alýan işgärler ykdysady sebäplerden köpçülikleýin ýagdaýda işden çykarylar. Biziň edip biljek işimiz ýok we bu biziň ygtyýarymyzda däl. Kabul edilen şeýle karar siz näme etseňizem üýtgedilmez. Indi hem nirä arz-şikaýat etmek isleýän bolsaňyz, baryň ediberiň” görnüşinde jogap berip, köpçülikleýin işden çykarmalaryň nähili görnüşde boljagy barasynda jikme-jik maglumat bermändirler.

Aýdylşyna görä, Sakar etrabynda mart aýynda garaşylýan köpçülikleýin işden çykarmalarda işini ýitirmekden howatyrlanýan käbir döwlet işgärleri eklençsiz galmaz ýaly özlerine iň azyndan daşary ýurtlara zähmet migrantlygyna gitmegiň şertlerini ýeňilleşdirmek barasynda häkimlikdäki resmilerden kömek sorapdyrlar. Häkimligiň işgärleri işinden boşadylan we boşadyljaklaryň daşary ýurtlara eklenç üçin gitmegini ýeňilleşdirmäge hem kömek edip bilmejegini aýdypdyrlar.

Eýýämden işinden boşadylan käbir owalky býujet işgärlerine bolsa golaýda işinden boşadyljaklar bilen bilelikde halkyň arasynda dartgynlylyk döretmez ýaly gijäň ýarymynda Sakar şäherçesiniň häkimliginiň jaýyna çagyrylyp howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan ätiýaçdan soraga çekilip, bolup biläýjek protestlara goşulyşmazlyk barasynda berk duýduryşlar berlip başlanypdyr.

Adynyň efirde agzalmazlygyny sorap Azatlyk Radiosy bilen bu ugurda gürrüňdeş bolan we häzir Sakar etrabyndan Türkiýä eklenç etmäge gelen owal kärendeçiler bileleşiginiň ýolbaşçysy, saglyk pudagynyň işgäri we etrap elektrik üpjünçiligi edarasynyň işgäri bolup işlän ýaşuly zähmet migrantlar köpçülikleýin işden çykarmalar üçin görülýän taýýarlygyň hem “guramaçylykly basyşlaryň” Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba gurnan saparyna gabat gelmeginiň halk köpçüligini geňirgedendigini öňe sürýärler.

Adynyň efirde tutulmazlygyny sorap Azatlyk Radiosyna bu ugurda maglumat beren Stambulda işläp ýören Sakarly käbir zähmet migrantlary hem soňky wagtlarda öz ýaşan etrabyndan Türkiýä ýaşy 50-den we 60-dan aşan owalky döwlet işgärleriniň eklenç gözlegine has köp gelmäge başlandygyny tassyklaýarlar.

Sözi jemläp aýtsak, Sakar etrabynda martda boljagy öňe sürülýän köpçülikleýin işden çykarmalar barasynda degişli resmilerden nähilidir bir kommentariýa almak ähli synanşyklara garamazdan Azatlyk Radiosyna başartmady.