Azatlygyň çeşmesi türkmen türmesinde ýiten Konstantin Şyhmyradowy Garabogazda gördüm diýýär

Konstantin Şyhmyradow we Tirkiş Tyrmyýew

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň biri Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp tussag edilen Boris Şyhmyradowyň inisi Konstantin Şyhmyradowy 2016-njy ýylyň awgustynda Garabogaz şäherinde görendigini, onuň bu ýerde sürgünlikde ýaşap we işläp ýörendigini habar berýär.

28-nji fewralda Azatlyk bilen gürleşen çeşmäniň tassyklamagyna görä, 0nuň 67 ýaşyndaky Konstantin Şyhmyradow bilen duşuşygy tötänden, 2016-njy ýylyň awgustynda bolupdyr.

2016-njy ýylyň tomsunda men Bekdaşa bir toýa bardym welin, bir tanyş ses gapdalymdan “Starik” diýip gygyrýar. Seretsem - Kostýa, salamlaşdyk, hal-ahwal soraşdyk. Men oňa agşam toý ýerine gitmegi teklip etdim, emma ol “toýa barjak däl” diýdi. Ýöne toýuň gapdalynda bir jaýda bir gije bile oturdyk” diýip, çeşme aýtdy. Şeýle-de ol Konstantiniň durmuşdan zeýrenmändigini, “bärik öwrenişdim, täze dostlarym bar” diýendigini gürrüň berdi.

Olar, Kostýa dagy doly erkin, ýöne olaryň Garabogazdan, Bekdaşdan çykmagy gadagan. Işleýärler, aýlyklaryny alaýarlar. Türme şerti däl, özbaşlaryna kwartira-zat edinipdirler, ýagny kireýine ýaşaýarlar” diýip, aşgabatly çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Belleýäris, çeşme Azatlygyň redaksiýasyndan öz adynyň aýdylmazlygyny soramady, emma biz käbir sebäplerden onuň adyny agzamazlyk kararyna geldik.

Şeýle-de ol Konstanin Şyhmyradowyň 14 ýyl çemesi öň kakasy ýogalanda, 10 ýyl çemesi öň ejesi ýogalanda Aşgabada, ene-atasynyň ýasyna üç günlük goýberilendigini, muny köp adamyň bilýändigini tassyklaýar.

“Olar, Kostýa dagy doly erkin, ýöne olaryň Garabogazdan, Bekdaşdan çykmagy gadagan. Işleýärler, aýlyklaryny alýarlar. Türme şerti däl, özbaşlaryna kwartira-zat edinipdirler, ýagny kireýine ýaşaýarlar” diýip, aşgabatly çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň redaksiýasy bilen habarlaşan çeşme, öz sözlerine görä, 2016-njy ýylyň tomsunda bolan duşuşyk barada näme üçin edil häzir, bir ýarym ýyl geçenden soň gürrüň bermek kararyna gelmegini sebäbini anyklaşdyrmady. Ol diňe buňa üns bermändigini, şeýle-de Konstantin Şyhmyradowyň türkmen türmelerinde ýitenleriň sanawyna girizileninden habarsyz bolandygyny aýtdy.

Azatlyk 1-nji martda käbir detallary anyklamak we onuň käbir zatlaryny bilmegini soramak üçin ýene bir gezek öz çeşmesi bilen habarlaşdy. Biziň söhbetdeşimiz 28-nji fewral agşamy Şyhmyradowlaryň maşgalasynyň bir dosty bilen duşuşandygyny, onuň Konstantiniň “hakykatdan hem 15 ýyl gowrak wagt bäri Garabogaz şäherinde içerki sürgünde ýaşaýandygyny, ýerli sulfat zawodynda işleýändigini” tassyklandygyny aýtdy.

Azatlygyň çeşmesiniň tassyklamagyna görä, bu maşgala dosty Boris Şyhmyradowyň ozalky klasdaşy bolup durýar. Şeýle-de ol Konstantiniň ýakyn garyndaşynyň hem “ol 2002-nji ýylda Garabogaza 17 ýyllyk sürgüne iberildi” diýendigini aýtdy.

28-nji fewralda Azatlyga Konstanin Şyhmyradowyň maşgalasynyň Aşgabtdaky jaýynyň töweregindäki gözegçiligiň güýçlendirilendigi barada maglumat geldi.

Konstantin Şyhmyradowyň daşary ýurtdaky garyndaşlary onuň Bekdaşda ýaşaýandygy baradaky maglumaty tassyklamadylar.

Boris Şyhmyradowyň ogly Baýram Garabozgazda Konstantiniň ogly Myradyň görlen bolmagynyň ahmaldygyny, onuň 12,5 ýyl koloniýada bolup, 3 ýyl Bekdaşda (häzir Garabogaz) ýaşandygyny we 2017-nji ýylyň fewralynda Aşgabada gaýdyp gelendigini aýtdy.

Belleýäris, Myrat Şyhmyradow 2001-nji ýylda, ýagny 2002-nji ýyldaky noýabr wakalaryndan öň başga bir jenaýat işi boýunça uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Baýram Şyhmyradow agasy Konstantiniň 2016-njy ýylyň tomsunda Garabogazda bolup bilmek ähtimallygyny üzül-kesil ret etdi we mundan artyk düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

Azatlygyň çeşmesi 1-nji martdaky söhbetdeşlikde 2016-njy ýylyň awgustynda Garabogazda hut Konstatntin Şyhmyradow bilen görşendigini ýene bir gezek tassyk etdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň häkimiýetleri şu wagta çenli 15 ýyl gowrak mundan öň tussag edilen onlarça raýatyň saklanylýan ýerleri we ykballary barada maglumat bermeýär, halkara guramalary olary zorlukly ýitirim edilmegiň pidalary hasaplaýar.

“Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýanyň hasabatynda 1951-nji ýylda doglan, ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň dogany Konstantin Şyhmyradow “2002-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ilki galplykda, soň dildüwşüge goşulmakda güman edilip tutuldy we Jenaýat kodeksiniň ençeme maddasynda aýyplanyp, 17 ýyl tussaglyga höküm edildi” diýilýär.

Çeşmäniň Konstatin Şyhmyradowyň azatlykda gezip ýörendigi baradaky gürrüňi ÝHHG-nyň Türkmenistan boýunça Moskwa mehanizminiň işe girizilmeginiň 15 ýyllygyna, şeýle-de 50-den gowrak halkara guramasynyň türkmen türmelerinde zorlukly ýitirim edilmeleriň bes edilmegi üçin gyssagly halkara çäreleriniň görülmek zerurlygy barada eden bilelikdäki ýüzlenmesine gabat geldi.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň 23-nji fewralda täzelenen sanawynda Konstantin Şyhmyradowyň ady Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň arasynda getirilýär. Sanawda, hukuk goraýjylaryň sözlerine görä, zorlukly ýitirim edilenleriň 113-siniň ady getirilýär, olaryň hakyky sanynyň iki esse kän bolmagy-da mümkin.

2016-njy ýyldan soňky döwürde zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň sanawyndaky adamlaryň birnäçesiniň ykbaly belli boldy, olaryň jesetleri garyndaşlaryna jaýlamak üçin berildi.

Makala, käbir detallary anyklamak üçin, az wagtlyk sahypadan aýryldy we goşmçalar bilen yzyna dikeldildi.)