Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan un gytçylygynyň fonunda, konditer önümlerini öndürýän käbir firmalar we telekeçiler degişli ugurlarda önümçiligi togtadyp, bazara haryt bermeklerini bes etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýär.
Soňky elýeterli maglumatlardan çen tutup, barha ýitileşýändigi habar berilýän ýurtdaky un gytçylygy käbir hususy telekeçileriň “elini sowadýar”. Mysal üçin, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň habar bermegine görä, “Täze aý” we “Hoş zaman” ýaly hususy firmalar önümçiliginde un-galla önümlerini talap edýän harytlary öndürmegi bes edip, şeýle harytlaryň üpjünçiligini togtatdylar.
Adamlar munuň sebäbini dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň galmagy bilen düşündirýärler diýip, Azatlygyň bir çeşmesi sözüniň üstüni ýetirýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Ýewropada Ösüş we Dikeldiş banky global kynçylyklara garşy göreşmek we regional integrasiýa goşant goşmak maksady bilen durmuşa geçirýän 2016-2018 – nji ýyllar aralygy üçin strategiki meýilnamasynyň çäginde gürrüňi gidýän “Täze Aý” firmasyna 800 müň amerikan dollary möçberinde karz berýändigini 2016-njy ýylda mälim etdi. Maglumatda bu goldawyň firmanyň ukyplylygyny 25 % artdyrjakdygy agzalypdy.
2017-nji ýylda bolsa Ýewropada Ösüş we Dikeldiş banky “Taiwan” Halkara hyzmatdaşlyk we ösüş fondy bilen bilelikde “Täze aýa” 4.5 million dollar kömek hödürledi.
Şeýle-de, geçen ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komiteti gürrüňi edilýän “Hoş zaman” kompaniýasyny resmi hemaýatkär diýip yglan etdi.
Oýunlara gatnaşyjylaryň we meýletinçileriň iýmit üpjünçiligi maksatnamasyna laýyklykda “Hoş zaman” çäreleri 80 müň şokolad we 10 müň guty süýji bilen üpjün edip, onuň özüniň häzirki wagtda un gytçylygy bilen bagly sebäplerden konditer önümçiligini togtadandygy habar berilýär.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistandan gelip gowuşýan habarlarda ýurtda un-galla önümleriniň gytçylygynyň barha ýaramazlaşýandygy agzalýar. Şol bir wagtyň özünde, bu önümleriň satuwynda dürli çäklendirmeleriňem girizilýändigini Azatlygyň çeşmeleri habar berýärler. Meselem, un satyn aljaklardan “gaz taslama kitapçasy bar”, “sanly hasaplaýjysy bar” diýen kepilnamalaryň talap edilýändigini, şolary görkezmedik adamlara “ýeke kilogram unuň satylmaýandygyny” Daşoguz welaýatyndaky çeşme habar berdi.
Şeýle-de bu welaýatdaky döwlet dükanlarynda unuň satylýan mukdary çäklendirilip, adam başyna diňe 5 kilogram unuň satylmagyna rugsat berilýändigi habar berildi.
Ýöne, Mary welaýatynda uny haltasy bilen satyn alyp bolýandygyny Azatlygyň çeşmeleri ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýärler.
Gepiň gerdişine aýdylsa, un ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi togtadandygy habar berilýän “Täze aý” firmasynda Mary welaýatynda ýerleşýär we ol konditer önümçiligi bilen bir hatarda et önümçiligi bilen hem meşgullanýar.
Öňe sürülýän ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň degişli firma bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşygy başa barmady.
Mundan ozal, dollar konwertasiýasyna girizilýän resmi çäklendirmeleriň hususy telekeçileriň işine ýetirýän oňaýsyz täsiri barada habar berlipdi.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Söwda ministrliginiň un ammarlarynda käbir daşary ýurtlardan getirilen import unlaryň ätiýaçlyklarynyň gutarýandygy barada, Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi geçen aýyň ortalaryna habar beripdi.