Türkmen ‘zagran’ pasportlarynyň möhleti 1 ýyla çenli kemeldiler

Ilki biometriki pasportlar 10 ýyl möhlet bilen berlen bolsa, 2016-njy ýylda ol 5 ýyla çenli kemeldildi.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň daşary ýurda çykmaga we ol ýerde galmaga mümkinçilik berýän biometriki maglumatly, ilat arasynda ‘zagran’ diýlip atlandyrylýan pasportlarynyň möhletini çäklendirmegi göz öňünde tutýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndaky biri-birinden habarsyz ençeme çeşmesiniň beren maglumatyna görä, häzir türkmenistanlylaryň biometriki maglumatly pasportlarynyň möhletini bir ýyla çenli azaltmak planlaşdyrylýar.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulynda türkmen prezidentiň şol ýylyň 9-njy iýulynda gol goýan №9895 belgili kararyna laýyklykda girizilipdi.

Ilki biometriki pasportlar 10 ýyl möhlet bilen berlen bolsa, 2016-njy ýylda ol 5 ýyla çenli kemeldildi.

Galyberse-de, gürrüňi gidýän pasportlary almak, olaryň möhletini uzaltmak proseduralary diňe Türkmenistanyň özünde amal edilip, ýurduň daşary ýurtdaky wekilhanalarynda bu işleri etmek mümkinçiligi ýok.

“Biometriki pasporty aljak hem onuň möhletini uzaltjak bolsaň, gürrüňi gidýän raýatyň özi Türkmenistana gelip, gerekli dokumentleri toplamaly we tabşyrmaly. Häzir pasportlaryň möhletini bir ýyla çenli kemeldip, daşary ýurtdaky raýatlaryň hökmany ýagdaýda ýurda dolanmagyny gazanjak bolýarlar. Bu esasan hem daşary ýurtlarda zähmet çekýän migrantlaryň sanyny azaltmaga gönükdirilen” diýip, Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmesi gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň biometriki pasporta geçmegi we şol pasportyň diňe Türkmenistanda çalyşyp boljakdygy baradaky kararyň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň we zähmet migrantlarynyň durmuşyny kynlaşdyrandygy: müňlerçe raýatyň dokumentsiz galandygy, ençemesiniň pasportlaryny täzeläp bilmän, ýurduň daşynda bikanun ýagdaýda galandygy barada dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkiýede ýaşaýan türkmen migranty Rozybaý Jumamyradow biometriki pasportyň möhletiniň kemeldilmegi “onsuz hem agyr ýagdaýlary başdan geçirýändigini” aýdan türkmen zähmet migrantlaryna “goşmaça urgy” boljakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy pasportlaryň möhletiniň bir ýyla çenli azaldylmagy baradaky maglumatlar, şeýle-de bu kararyň daşary ýurtlardaky zähmet migrantlaryna, talyplara nähili täsir ýetirjekdigi dogrusynda nähilidir bir maglumat bermekden saklandylar.

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi websaýtynda biometriki pasporty almak üçin ýüzlenmäge we onuň taýýarlyk derejesini yzarlamaga mümkinçilik berýän ýörite internet elektron hyzmatynyň girizilendigi barada bildiriş berildi.

Emma, bu internet hyzmatyndan hem diňe ýurduň içindäki raýatlar peýdalanyp bilýärler; ýagny daşary ýurtdaky türkmenistanlylar biometriki pasporty almak ýa-da çalyşmak üçin öňküsi ýaly Türkmenistana gelmeli.