Türk telekanallarynda görkezilen bir habarda aýdylşyna görä, işleýän öýünde hojaýynynyň gymmaty 900 müň dollary geçýändigi aýdylýan şaý-sepini ogurlamakda aýyplanýan türkmenistanly migrantlar ele salynypdyr.
Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren polis çeşmesi, bahasy 900 müň dollardan gowrak şaý-sepiň ogurlanmagy bilen türk mediasynda uly seslenme döreden habaryň dogrudyny we munuň türkmenistanly zähmet migrantlarynyň gatnaşmagyna bolandygyny tassyklaýar.
Türkiýäniň “Milliýet” gazetiniň ýazmagyna görä, 17-nji fewralda Stambulyň Harbiýe mähellesinde ýaşaýan Leýla Ç. atly zenanyň öýündäki gymmaty 3 million 500 müň türk lirasyna ýagny 900 müň dollary aşýan şaý-sepler ogurlanýar. Ýaňky raýatyň arz-şikaýaty esasynda Stambulyň Şişli etrabynyň polisi onsoň aňtow işini başladýar.
Wakanyň bolan ýeriniň daş-töweregindäki howpsuzlyk kameralarynyň ýazgylaryny barlan polisler, Leýla Ç. atly zenanyň öýünde hojalyk işlerinde işlän we golaýda işinden aýrylan türkmenistanyň raýaty Narjemal B. atly migrant zenanyň öýden sumkasy bilen çykyp gidendigini görýärler.
Ondan soň türk polisi türkmen migrant zenany Narjemalyň gymmatbaha şaý-seplerden doly sumkany Stambulyň Beýkoz diýen ýerindäki bir salga äkidendigini anyklaýar. Ondan soň polisiň ol salgyda duýdansyz ýagdaýda gurnan operasiýasynda türkmenistanly Narjemal B. bilen Ali U. atly bilelikde ýaşaşýan adamsy tussag edilýär.
Polis çeşmesi, türkmen migrant zenanyň we onuň söýgülisiniň soragda beren maglumatlary esasynda ýene Beýkozdaky bir salgyda gurnalan operasiýada ogurlanan şaý-sepleriň tapylandygyny aýdýar. Onuň bildirmegine görä, geçirilen derňewiň netijesinde ogurlygy Leýla Ç. atly aýalyň öýünde işlän 4 adamyň Narjemal atly migrant zenan bilen bilelikde planlaşdyrandygy anyklanypdyr.
Türkiýäniň “Hürriýet” gazeti bolsa, gymmaty 900 müň dollardan gowrak bolan şaý-sepiň ogurlanmagyndan güman edilýän şol hojalykda işleýän ýene 4 adam we türkmenistanly zähmet migranty Narjemal B. bilen söýgülisinden ybarat bolan göz astyndaky jemi 6 şüpheliniň polisdäki işleriniň tamamlanyp, Çaglaýandaky Stambul kazyýetine tabşyrylandygyny ýazýar.
Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Stambulda işläp ýören käbir türkmen zähmet migrantlary Narjemala kömek eden ol 4 adamyň hem türkmenistanlydygyny öňe sürýärler.
Gepiň gerdişine görä ýatlap geçmeli bolsa, türkmen migrantlarynyň gatnaşmagynda edilen ogurlyk barasynda bu türk mediasynda uly seslenme döreden ilkinji waka däl.
Geçen ýylyň mart aýynyň ortasynda Stambuldaky “Grand bazar” ýagny “Kapalyçarşy” atly gadymy söwda merkezinde 29 ýaşyndaky we 21 ýaşyndaky türkmenistanly zähmet migrantlary Türkiýedäki tanymal şahsyýetlerden bolan Ferýal Gülman atly hojaýynynyň ogurlanandygy aýdylýan gymmaty 1 million dollardan gowrak bolan gymmatbaha zatlary we şaý-sepleri bilen saklanypdy.
Şeýle-de geçen ýylyň maý aýynyň ortalarynda Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi etrabynda hojalykda işleýän türkmenistanly zähmet migranty zenan hojaýynynyň 1500 dollar puluny ogurlamakda aýyplanyp, tussag edilipdi.
Stambulyň Saryýer diýen ýerinde bir hojalykda işleýän türkmenistanly är-aýal zähmet migrantlary hem hojaýynynyň onlarça müň dollar we ýewro puluny ogurlap gaçandan soň ele salnypdy.