Owganystanda TOPH-yň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

TOPH we beýleki proýektleriň gurluşygyna anna güni Owganystanda hem girişilýär. Onuň üçin ähli taýýarlyklaryň görülendigini resmiler aýdýar. Hyrat welaýatynyň häkimi Muhammet Asyp Rahymynyň aýtmagyna görä, ýaragly bir topar TOPH proýektiniň açylyşyna zyýan ýetirmek boýunça alada edipdir.

Häkimiň aýtmagyna görä, welaýatyň Güzere atly etrabynda ýaraglylar saklandy. Olar ýarag we harby enjamlaryny döwlete tabşyrdy. Käbir taraplar Owganystanda iri energetiki proýektleriň işiniň başa barmagyny islemeýär, emma owgan hökümeti howpsuzlygy üpjün etmek üçin çäreleri gördi.

“Günorta-günbatar Owganystanyň halky TOPH we beýleki proýektleriň Owganystan üçin uly bähbidi bolar diýip umyt bildirýär. Şonuň üçin iri energetika proýektleriň gurluşygyna Owganystanda hem başlanmagyny ýerli ilat goldaýar. Muňa garamazdan, käbir taraplar Owganystanda ýagdaýyň kadalaşmagyna pursat bermeýär” diýip, Hyrat welaýatynyň polisiýasynyň jenaýata garşy göreş boýunça edarasynyň başlygy Seýitnaýym aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Hyrat welaýatynyň dürli sebitinde jeňçilere garşy harby operasiýa geçirildi. Atmaga taýyn bolup duran agyr we ýeňil ýaraglar ele salyndy. Eger tutulmadyk bolsady, jeňçiler TOPH proýektiniň açylyş dabarasynda weýrançylyk etjek ekeni.

Günorta-günbatar Owganystanda jeňçileri Eýranyňam goldaýandygyny ýerli resmiler aýdýar. Hyrat welaýatynda saklanan jeňçiler Eýranda harby ugurdan tälim alypdyr.

Ýaraglaryny döwlete tabşyran jeňçileriň komandiri Muhammet Enwer Pena Eýranda 10-15 gün özleriniň harby ugurdan tälim alandyklaryny mälim etdi.

“Ok-ýaraglaryň we harby enjamlaryň üpjünçiligine Eýran kömek edýär. Bize TOPH proýektiniň açylyşynda weýrançylyk etmek tabşyryldy, emma beýle hereketleri amala aşyrmakdan biz boýun gaçyrdyk. Hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmegi makul bildik” diýip, komandir Pena aýdýar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň howpsuzlyk boýunça orunbasary general Myradaly Myradyň aýtmagyna görä, Owganystanda öňe gidişlikler bolsa oňa goňşularymyz göriplik etmeli däl. Eger Owganystanda ýagdaý agyrlygynda galsa, onuň zyýany goňşularymyza-da ýeter. Goňşularymyz bizden gorkmasyn, belki terrorizme garşy göreşde biz bilen hyzmatdaşlyk etsin diýip, Myrat nygtady.

TOPH proýektini özleriniň goldaýandygyny “Talyban” hereketiniň “Mollaresul” topary hem yglan etdi. Olar eger gerek bolsa, özleriniň TOPH proýektiniň howpsuzlygynyň üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigini hem habar berdi.

TOPH we beýleki proýektler Pakistanyňam peýdasynadyr, şol sebäpden Paksitan bu ugurda “Talybana” täsir edip biler, ýöne Eýran TOPH proýektiniň öňüne çöp atyp bilse atar diýip, bilermenler aýdýar.