Derman krizisi özüni ödemeýän dermanhanalary ýapmak bilen 'çözülýär'

Aşgabatda bir dermanahana

Türkmenistanda ilatyň zerur dermanlaryny tapmak we alyp bilmek mümkinçiliklerigitdigiçe çylşyrymlaşýar diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berýär.

Azatlyk radiosy geçen ýylyň başynda Türkmenistanda döwlete degişli dermanhanalarda hem, hususy dermanhanalarda hem dermanlaryň bahasynyň düýpli ýokarlanyp başlandygyny habar berdi.

Soňky gelip gowşan maglumata görä, ýurtdaky derman ýetmezçiligi sebäpli indi döwlet eýeçiligindäki dermanhanalar hem ýapylyp başlandy. Mysal üçin, şu ýylyň başynda Aşgabat şäheriniň “Paýtagt”, il içinde “Mir bazar” diýilýän bazaryndaky uly dermanhana ýapyldy diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi aýtdy.

Ozalky işgärleriniň biriniň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, dermanhananyň ýapylmagynyň esasy sebäpleriniň biri dermanlaryň bahasynyň aşa ýokarlanmagy we olary alyp bilýän näsaglaryň selçeňlemegi, şol birwagtdadaşary ýurtlardan gelýän dermanlaryň sanynyň juda azalmagy bilen bagly.

“Mysal üçin, “kardiamagnil” atly bir ýürek dermany bar, aslynda bu dermany sag adam ulanmaly, ýagny ýüreagry keseline duçar bolmazlyk üçin günde onuň bir düwürini atmak gerek. Şol dermanyň bir gutusynyň içinde 100 sany tabletka bar. Ol ilki 16 manatdy, soň gymmatlap 24 manat boldy. Emma bu dermanyň daşary ýurtdan gelýän 100 tabletkaly gutusy indi gelenok, ýurt içinde öndürilýän “kardiamagniliň” bolsa gutusynda 30 tabletka bar, emma onuň bahasy 40-42 manat” diýip, ýapylan dermanhananyň işgäri gürrüň berdi.

Mundan öň Azatlygyň çeşmeleri hususy dükanlaryň we dermanhanalaryň, jaý ýerleriniň, energiýa nyrhlarynyň gymmatlamagy zerarly kynçylyk çekýändiklerini habar beripdiler.

“Eýsem, döwlet eýeçiligindäki dermanhanalaryň çekýän kynçylygyna nähili düşünmeli? Olar döwletiň hasabyna saklanmaýarmy?” diýilmegi mümkin. Azatlygyň söhbetdeşiniň sözlerine görä, döwlet eýeçiliginde diýilse-de, olaryň ýapylan dermanhanasy hojalyk hasaplaşygynda işleýän eken.

Mir bazardaky” dermanhananyň tutýan meýdany 64 kwadrat metrdi, oňa bazar adminstrasiýasynyň kesgitlän nyrhy esasynda her aýda 5 müň 200 manat kärende puluny tölemeli etdiler. Elbetde, dermanhananyň dört işgäriniň aýlygy döwlet gaznasyndan alynýardy. Ýöne biz edýän işimiz bilen döwlete şonça möçberde girdeji getirmelidik. Biz orta hasap bilen adam başyna 1 müň 500 manat aýlyk alýardyk, bu 6 müň manat bolýar. Şeýlelikde, dermanhana aýlyk we kärende haky üçin 12 müň manat pul tölemeli bolýar” diýip, ozalky dermanahanaçy bu serişdäniň soňky ýyllarda gazandyrman başlandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de ol häkimieýetleriň bu meseledäki ýeke-täk çözgüdi dermanahanalary ýapmakda görene meňzeýändigini sözüne goşdy.

Ýerli çeşmeler adamlaryň zerur bolan dermanlaryň köpüsini tapyp bilmeýändigini, olaryň ne döwlet eýeçiligindäki, ne hususy dükanlarda bardygyny habar berýärler.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen başga bir dermanhana işgäri bolsa,döwlet dermanhanalaryndaky dermanlaryň sanynyň we möçberiniň geçen ýylyň ikinji ýarymyndan soň düýpli azalandygyny, olaryň bolanlarynyň hem aşaklyk bilen iki esse bahasyndan satylýandygyny gürrüň berdi.

1991-nji ýyldan öň Aşgabat şäherindäki dermanhanalaryň müdiri, soňra Aşgabat oblast dermanhana uprawleniýesiniň başlygy bolan weteran dermanhanaçynyň tassyklamagyna görä, “eger hakyky barlag geçirilse, häzir Türkmenistanda işleýän dermanhanalaryň ählisini ýapmaga-da esas ýeterlik, sebäbi her dermanhanada orta hasapdan dermanlaryň 500 görnüşi bolmaly”.

Ýagdaýy bilýän synçynyň tassyklamagyna görä, "şeýle dermanhanalar ýurtda bolsa bardyr, emma barmak büküp sanaýmalydyr".

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 21-nji fewralda Maryda geçirilen göçme mejlisinde wise-premýer Pürli Agamyradow hem öz gözegçilik edýän pudagy, şol sanda saglygy goraýyş ugrunda edilýän işler barada hasabat berdi, emma derman krizisini agzamady.