Aşgabatda jaýlaryň üçeklerini ýaşyla boýamak talap edilýär

Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäheriniň etegindäki Köşi, Hitrowka, Çoganly atlandyrylýan böleklerinde bar bolan hususy jaýlaryň üçeklerini gyzyl ýa ýaşyl reňke boýamak indi köp ýyllardan bäri ýaşaýjylardan talap edilip gelinýär.

Soňky 4-5 ýyldan bäri paýtagtyň töweregindäki obalaryň jaýlarynyň üçeklerini ýaşyl reňke boýamak talap edilýän bolsa, indi Aşgabatdan 30 kilometr gündogaryndaky Gäwersiň jaýlarynyň üçeklerini-de ýaşyla boýamak buýrugy berlipdir.

Bu talapyň maşgala eklenjine agram salýandygyny, şeýle boýamaga degişli üçekleriň hatda ýykylmaga degişli jaýlar üçinem talap edilýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar. Jaýyň göwrümne görä, üçekleri ýaşyl reňke boýamaklyk bir müň manada çenli baryp ýetýär. Reňkleriň hem bahalary gymmat. Öz öýüňde bu işi oňarjak erkek kişiň ýok bolsa, üçek reňkletmek üçin hakyna işçi tutmaly. “Adamlaryň işsiz ýa bolmasa ujypsyz aýlyk bilen maşgala eklemeli bolýan wagtynda bu çykdajylar maşgala juda agram salýar” diýip, Hemra aga aýdýar.

Pensioner Hemra aganyň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň bu talaby juda ýerliksiz bolup, dürli reňkdäki üçekleriň ählisiniň ýaşyla boýalmagy olary görke getirmän, eýsem görküni gaçyrýar. “Dükandan satyn alynýan reňkleriň her gaby bir hili çykýar; biri açyk ýaşyl bolsa, beýlekisi goýy ýaşyl, üçünji birisi has gara ýaşyl bolmak bilen, jaýlaryň üçeklerine çalynanda, olaryň reňkleri dürli-dürli bolup, ýanaşyk jaýlar alabeder bolup, daşyndan seredeniňde göwnüňi çökerýär” diýip, ol sözüne goşýar.

Türkmen häkimiýetleri häli-şindi ilaty ynjalykdan aýyrýan bir çäre çykarýarlar. Ilatda närazyçylygyň döremeginiň esasy sebäpleriň biri, bu gün-erte ýykylmaga degişli jaýlaryň hem üçeklerini reňklemäge mejbur edýärler. “Talaba boýun bolmasaň, gazyňy kesmek ýa toguňy kesmek ýaly çäreleri ulanjakdyklaryny aýdyp haýbat atýarlar” diýip, Köşi obasyndan bir ýaşaýjy aýdýar.