Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dürli wadalar bilen aldawa salnyp getirilýändigi aýdylýan türkmen zenanlarynyň soň ten satmaga mejbur bolup, polisiýa tarapyndan saklanylýandygy barasynda habarlar çykýar.
Eýsem, türkmenistanly zenanlar Türkiýede nähili ýollar bilen aldawa düşýärler? Türkiýede işläp ýören türkmen zähmet migrantlary türk mediasynda häli-şindi çykýan "türkmenli" habarlara nähili reaksiýa görkezýärler?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýedäki türkmenistanly migrant zenanlaryň başdan geçirýän ýagdaýlaryna gönükdirýär. Gepleşigiň myhmanlary Nargiz bilen Maýa Azatlyk Radiosynyň diňleýjilerine türkmenistanly zähmet migrantlarynyň Türkiýede duş gelýän ýagdaýlary barasynda öz pikirlerini paýlaşýarlar.
Gepleşigi diňläp, bu temadaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar