Ýyl gurak geldi, ýaplarda suw ýok, daýhanlar bulutsyz asmana göz dikýärler

Garagum kanaly

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi regionyň ekerançylyk ýaplaryna suw gelmeýändigini habar berýär.

“Fewralyň birinden öň ýaplara ‘gyzyl suw’ atly suw gelerdi, emm bu ýyl suw şu wagta çenli gelenok, adamlar işiklerinde ýere kakylan skwažinalar bilen melleklerini suwarýarlar, sebäbi ýerleri suwarmaly wagt geldi” diýip, çeşme 8-nji fewralda aýtdy.

Elbetde, mellekdäki skwažinalardan mellek suwarmak üçin elektrik nasoslaryny işletmeli, bu bolsa indi, geçen ýylyň noýabrynda sosial ýeňillikler ýatyrylyp, täze nyrhlar girizileli bäri, daýhan üçin uly çykdajy bolýar.

Ýöne bu mesele diňe adamlaryň gapydaky melleklerini suwaryp bilmezligi bilen gutarmaýar. Türkmenistanda uzak ýyllaryň dowamynda gowaça ekilmegi we suwuň bisarpa tutulmagy zerarly aşa şorladylan çerlere gyş aýlary ýuwuş suwy tutulmasa, ol ýerden gowy hasyla garaşmak mümkin däl diýip, tejribeli daýhanlar aýdýarlar.

“Daşoguzda, Ahalyň gündogar etraplarynda, Maryda, Lebapda suw gyş aýlary hem zerur, sebäbi gowaça ekiljek ýerlere hökman ýuwuş suwy tutulmaly we ýer ýüzüne çykan duzlar birki metr aşak gider ýaly edilmeli, şonsuz hasyl almak kyn” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 65 ýaşly daýhan Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistan geçen ýyl bugdaý planyny dolmady we, plan doldy diýilse-de, pagta ýygymy tas ýylyň aýagyna çenli dowam etdirildi. Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow oba hojalygyndaky problemalary bölekleýin boýun alýar we pagta ýa bugdaý öndürmek planlaryny doldurmadyk ýolbaşçylary täzeläp durýar.

Emma muňa garamazdan, bu ýyl hem garaşylýan pagta we bugdaý hasylyny alyp boljagyna ynam ýok diýip, ýerli ýagdaýy gowy bilýän synçylar Azatlyk radiosyna aýtdy.

Olaryň sözlerine görä, soňky ýyllarda Garagum kanalyny barha kän gyrmança basýar, emma ony arassalamak işleri juda gowşak alnyp barylýar, gyş aýlary suw toplanýan Hanhowuz, Gökdepe suw howdanlary bolsa, esasan ekerançylyk üçin niýetlenen hem bolsa, bu ähmiýetini ýitirip barýar, olarda indi balyklçylykhojalyklary döredildi.

“Gökdepe suw howdany, ýyl gurak gelende, Ahalyň Bäherden etrabyna we Balkan welaýatyna suw ýardamyny bermeli, emme bu mümkinçilik indi aradan aýrylyp barýar” diýip, anonim şertde gürleşen ýerli ekspert Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Balkanda suw ýagdaýy ýylyň-ýylyna erbet diýip, Azatlygyň Türkmenistanyň günbatar regionyndaky çeşmesi aýdýar. Garagum kanalynyň 140 kilometre golaýy Balkan welaýatynyň içinden geçýär, emma Gazanjykda planlaşdyrylan Dänata suw howdany gazylman galdy.

Şol bir wagtda, ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, türkmen mekdepleriniň taryhdan okuw kitabynda “Garagum kanalynyň dowamy hökmünde Gazanjyk, Gyzyletrek kanaly çekildi" diýlip, ýagny Gyzyletrege hem Garagum kanalynyň suwy gelen ýaly”edilip, galp maglumat berilýär.

Daşoguzdaky suw ýagdaýy bolsa, has-da agyr, sebäbi bu ýerde uly suw howdanlary ýok, şol bir wagtda-da gadymdan gelýän Hanýap, Kyrkgyz, Şamyrat ýaly uly suw kanallary, ugruna seredilmän, gömlüp barýar diýip, Azatlygyň demirgazyk regiondaky çeşmesi aýdýar.

Mundan başga, gün-güzerany ekerançylyk, maldarçylyk bilen bagly adamlar bu ýylyň öňki ýyllara garanda hem has gurak gelendigini, şu wagtda çenli tutuş ýurtda bir gün ýatan ýeke garyň-da ýagmandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda, az-da bolsa, adatça güýzlük bugdaýa ýeterlik gar-ýagyş ýagýar, emma bu ýyl ýurduň hiç ýerinde boldumly gar-ýagyş ýagmady diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylaryň köpüsi tassyk etdi.

“Bäş minut-on minut ýagýar, ýeri agardyp ýetişmänkä hem gar diňýär, onsoň ýarym millimetr, bir millimetr gar eräp gidýär” diýip, 65 ýaşly daýhan gürrüň berdi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem bu ýyl ýagşyň diňe Kaspi deňziniň kenarlarynda biraz ýagandygyny we munuň golaýdaky mal örüsi üçin peýdaly bolup biljekdigini belledi. Şol bir wagtda ýerli synçylar bu ýylyň umuman gurak gelendigini, bugdaý ekýänleriň bolsa şindem asmana göz dikip, ýagyş-ýagmyra garaşýandyklaryny gürrüň berdiler.