Azyk gymmatlaýar: dowla düşen adamlar 'köpräk un alyp goýmaga çalyşýar'

"Kämil bazarda" satylýan tamyr çöregi

Türkmenistanda esasy azyk harytlarynyň yzygiderli gymmatlamagy ilatyň arasynda barha kän howsala döredýär we adamlar gurplarynyň çatdygyndan köpräk un, ýag alyp goýmaga çalyşýar.

Azatlyk radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda azyk nyrhlary yzygiderli gymmatlaýar we fewral aýynyň başynda benziniň bahasynyň galmagy ilatda indi has uly howsala döretdi diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berýär.

“Ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň – ösümlik ýagynyň, süýt önümleriniň, günebakar çigidiniň we beýlekileriň bahalary barha ýokarlanýar. Ol önümleriň käbiri 30%, käbiri 20% gymmatlady, hatda “Kämil bazarda” we “Berkarar” biznes merkezinde satylýan türk usulynda bişirilen çörek hem gymmatlady” diýip, çeşme habar berýär.

“Men satyjylardan çöregiň bahasynyň haçan gymmatlandygyny soradym, olar munuň ýakynda bolandygyny aýtdylar – diýip, çeşme aýdy. - Men çöregiň gymmatlamagynyň sebäbini soradym, olar çörek bişirenlerinde daşary ýurtdan getirilen we ABŞ dollaryna satyn alnan goşundylary ulanýandyklaryny, onsoň, dollaryň bahasy galsa, çöregiň bahasynyň gymmatlaýandygyny düşündirdiler”.

Bu habary Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir çeşmesi tassyklaýar. “Bu çörek ozal 90 teňňeden satylýardy, indi 1 manatdan satylýar” diýip, çeşme aýtdy.

Alkogolsyz içgiler hem gymmatlaýar we ozal 2 manatdan alnan içgilere indi 3 manat tölemeli bolýar. Süzme ozal 5,10 manatdy, indi 6 manat, ýogsa ol ýurt içinde öndürilýär, belki-de bu benziniň bahasynyň gymmatlamagy bilen baglydyr diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen alyjy aýtdy.

Synçylar benzin gymmatlamasyndan soňky gymmatlamalaryň iki hili görnüşde bolup geçýändigini belleýärler. Mysal üçin, paýtagtdahususy taksileriň ýolgaçy gatnatmak nyrhlary goşmaça 1-2 manat gymmatlady, emma regionlarda bu nyrh, benzingymmatlaly bäri göni 50% gymmatlady.

Ýöne nyrhlaryň galmagy diňe benziniň gymmatlamagy bilen hem düşündirilmeýär, sebäbi bahalar ondan öň hem ýokarlanyp gelýärdi. Ikinji tarapdan, satyjylaryň we haryt getirijileriňköp harydy, bahasy arzan-da bolsa, hiç hili gymmatladyp bilmeýändigi, sebäbi şonsuz hem alyjynyň örän azdygy, söwdanyň derejesiniň juda pesdigi habar berilýär.

Şeýle-de, walýuta bilen iltewli sarp ediş harytlarynyň bahalarynyň aýratyn ýokary galýandygy, ABŞ dollarynyň bahasynyň “gara bazarda” 12 manada çykandygy aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, döwlet kompaniýalary tarapyndan getirilen we döwlet dükanlarynda satylýan şeker, et ýaly azyk önümleriniň bahalary üýtgemedi: şekeriň her kilogramy 5 manat, etiň bahasy hem öňküsi ýaly, Aşgabatda kilogramy 25-40 manat aralygynda, regionlarda lomaý söwdada 20-21 manat aralygynda.

“Döwlet başardygyndan haryt getirýär, ýöne ol harytlaryň möçberi örän az we olar döwlet dükanlarynda satylýar. Şol bir wagtda döwlet dükanlarynda satylýan harytlaryň 90% hususy telekeçiler tarapyndan getirilýär, olar dollary “gara bazardan” alýarlar we şu sebäpden getirýän harytlarynyň bahalaryny hem galdyrýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Ýagdaýa belet adamlaryň berýän maglumatyna görä, hatda sogan, kartoşkaý, şeker, un ýaly harytlar hem daşary ýurtdan, mysal üçin Azerbaýjandan getirilýär, un Gazagystandan hem getirilýär, Pakistandan bolsa mandarin getirilýär. “Döwlet bazara kontrollyk edip-de, göni täsir ýetirip-de bilmeýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Soňky gelip gowşan maglumata görä, unuň gymmatlajagy barada ýaýraýan gürrüňlerden soň dowla düşen adamlar tapan puluna un alyp başlady we döwlet dükanlarynda uny talon bilen almaly etdiler.

“Golaýymyzdaky dükana bir maşyn un geldi, emma ol şol durşuna diýen ýaly yzyna gitdi. Dükançydan sorasam, ‘her dükana düşürmeli haltaň sany bar, şonuň üçin hemmesini düşürmedi, un gelen dükan derrew boşaýar, şu sebäpden her gün az-azdan getirmeli etdiler’ diýip, dükanyň müdiri azatlygyň çeşmesine gürrüň berdi.

“Pullurak adamlaryň una aşa açgözlük bilen topulmagy goly ýukarak maşgalalar üçin emeli un kynçylygyny döredip biler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen resmisi Azatlyk radiosyna aýtdy.