Balkanabat şäherinde ‘120-niň bazary’ diýilýän bazardan, telekeçileriň başga ýere, şäheriň Düzmergen diýen bazaryna göçmekleri talap edilýär.
Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, telekeçi Sonagülüň aýtmagyna görä, ol indi 20-ýyldan gowurak öz welaýatyndan Balkanabada gatnap, ownuk söwda bilen meşgul bolýar. Mary welaýatynda işgärleriň aýlyk-günlükleri wagtynda berilmeýän ýyllary, gün-güzeran üçin, Balkanabada söwda etmäge gatnap ugrapdyr. Ol ýyllar ýurt boýunça aýlyk-günlük ýeke-täk Balkan welaýatynda berilýärdi.
Ýyllaryň dowamynda welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden gelip, Balkanabat şäherinde söwda edýän telekeçileriň sany birnäçe esse artdy. Telekeçiler kireýine jaýlarda ýaşap, esasan hepdäniň iki gününi, şenbe hem ýekşenbe günlerini Balkanabadyň bazarlarynda oturyp söwda edýärler. Hepdäniň arasynda olar öz öýlerine dolanýarlar.
Balkanabatlylar hem welaýatlardan we Aşgabatdan gelip, Balkanda söwda edýän telekeçileriň işlerinden kanagatlanýarlar. Ýerli telekeçilere garanda, welaýatlardan gelip Balkanabatda söwda edýän telekeçileriň harytlary has elýeter bolany üçin, ýerli ilatyň welaýatlardan gelýän telekeçilere garaşyp oturýan halatlary hem bolýandygyny aýdýarlar.
“Emma şu ýyllaryň dowamynda, bizi ol bazardan beýleki bazara göçürip, halys aňkamyzy aýladylar. 20 ýyl mundan ozal ‘Dag bazary’ diýip, Balkanabadyň gaýrasynda bir bazardan ýer görkezdiler. Şol ýyllar günortana çenli ‘Dag bazarynda’ oturýardyk we günortadan soňra ‘120-niň bazary’ diýilýän bazara geçýärdik. Irden ‘120-niň bazary’ diýilýän bazarda bize oturmaga rugsat berilmeýär. Nämemişin, ‘Dag bazaryny’ bir telekeçi gurupdyr. Onuň çykaran çykdajysyny ödemek üçin, söwdagärler şol ýerde söwda etmelimişin.
Çykdajy edipdir diýer ýaly ‘Dag bazarynda’ hiç bir amatlyk hem ýokdy. Açyk meýdanda her kim günden goranmak üçin, üstüne saýa edinip gün görýärdi. Bir sebäp bilen ýaňky bazary ýapmak kararyna gelinende, satyjylara ‘120-niň bazary’ diýilýän bazarda oturmaga rugsat berdiler.
Az wagt geçensoň ‘Nar bazary’ diýip bir bazara geçmegimizi talap etdiler. Soňra '12 etažyň bazary' diýip, başga bir bazara geçmegimizi talap etdiler. Emma söwdagärler ‘120-niň bazaryny’ özleri üçin amatly görüp, her täze bazar açylanda, ‘120-niň bazaryndan’ gitmejek bolup, gara güne galýardylar” diýip, Sonagül atly telekeçi aýdýar.
Aralykda ‘120-niň bazary’ abatlanyp, ol ýerde dükanlar gurlupdyr. Welaýatlardan gelýän telekeçileriň dükanlary kärendesine alyp söwda edýänleri hem bar. Iň esasy zat bolsa, şenbe hem ýekşenbe günleri welaýatlardan gelýän telekeçiler öýlerine dolananlarynda, olar geçmän galan harytlaryny bazardaky dükanlarynda goýup gaýtmaga mümkinçilik tapdylar.
“Biziň rahat günümiz bardy. Indi bolsa biziň Düzmergen diýen ýerde gurlan bazara göçmegimiz talap edilýär. Düzmergende gurlan bazar diýselerem, ol ýerde hiç bir amatlyk ýok. Tozap ýatan boş meýdanda az-owlak ýeri tekizläp, daşyna haýat aýlapdyrlar. Ol ýerde ýagyndan ýa günden goranar ýaly saýa hem ýok, harydyňy goýar ýaly ammar, hatda harydyňy alyja görkezmek üçin haryt goýar ýaly tekje-de ýok, ýöne açyk meýdanda ýere düşek ýazyp, harydyňy ýere goýup, özüňem ýerde oturyp söwda etmeli” diýip, özüni Aýna diýip tanyşdyran ýene bir telekeçi söhbetdeşlige goşulýar.
Düzmergeniň bazary diýilýän ýere barar ýaly awtoulag gatnawynyň hem ýola goýulmandygyny, harytlary bilen kireýine ulag tutup, ol ýere aşmaly boljak telekeçileriň görjek peýdalaryndan, zeleliniň kän boljakdygyny telekeçiler alada edýändiklerini-de aýdýarlar.
Telekçileri esasy gynandyrýan zat bolsa, maşgala eklejek bolup, ozaldanam sergezdan bolup, bir welaýatdan başga bir welaýata gatnap ýören telekeçileri ýerli resmileriň isleglerine görä , islän ýerlerine kowalap ýörmegidir. Bir ýerli telekeçi bazar açmakçy bolsa, ol bazaryň çykdajysyny ödemek üçin, welaýatlardan gelýän telekeçilere zor salýarlar diýip telekeçiler zeýrenýärler.